Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 27-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Bu gün meýilnamalaryňyz şowly durmuşa geçer. Bu bolsa size täze güýç-kuwwat berer we özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar. Başlan işiňiziň isleýşiňize görä tamamlanmagy mümkin. Siziň teklipleriňiz ýolbaşçylar tarapyndan goldaw tapar. Emma, ýürek bilen baglanyşykly meseleleri çözmeklik, häzirki wagtda, maslahat berilmeýär. Ony soňky günlere goýsaňyz has gowy bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün öňüňizden çykjak käbir kynçylyklardan ýaňa siziň ýalňyş we töwekgelçilikli hereket etmegiňiz ähtimal. Wagtynda saklanmaklyk, gaharjaňlyga bol bermezlik maslahat berilýär. Diplomatiýa siziň häsiýetiňize känbir laýyk gelmeýän-de bolsa, bu gün ol size uly kömek eder. Emma günüň ikinji ýarymy ähli meseleleriň oňyn tarapdan çözülmegini wada berýär. Netijeleriniň sizi diýseň begendirjek iş saparlarynyň bolmaklygy mümkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Öz güýjüňizi we mümkinçilikleriňizi tertipleşdiriň, öňüňize goýan maksadyňyza okgunlylyk bilen gidiň, emma daş-töweregiňizdäkilere aşa talap ediji bolmaň. Işgärleriňizi we ýolbaşçylaryňyzy öz tarapyňyza çekmäge çalşyň. Şu ýagdaýda siziň öňüňizde täze mümkinçilikleriň açylmagy ähtimal. Çagalaryň terbiýelenişine, olaryň güýmenjelerine we gatnaşýan deň-duşlaryna aýratyn üns beriň. Olar bilen deňhukukly gatnaşyklary gurmaklykdan gorkmaň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ýolbaşçylaryňyz, kärdeşleriňiz bilen baglanyşan ähli ylalaşyklary gözden geçiriň. Häzir size başlan işiňizden, ýa-da berlen teklipden ýüz öwürmek has gowy bolmaklygy ähtimal. Bu gün siziň ähli zady – daş keşbiňizden başlap, içki, ruhy taraplaryňyza çenli üýtgetmeklige güýçli islegiňiziň döremegi mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Güýçli energiýaňyz siziň işewürlik ukybyňyza täsir eder. Siz öz maksatlaryňyzyň durmuşa geçirilmegi üçin ýolbaşçylaryň goldawyny almagyňyz ähtimal. Möhüm meseleler dogrusyndaky işleri soňa goýmaklyk maslahat berilmeýär. Şu günden başlap, ähli zada çynlakaý çemeleşmäge başlaň. Garaşylmadyk, ýakymly habaryň gelmek ähtimallygy ýokarydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Şu günki başlanan ähli işler şowly öser. Ýöne beýle şowlulyklaryň özüňe ägirt uly göwnüýetmekligi, hondanbärsiligi doredýändigini-de ýatdan çykarmaly däldir. Siziň özüňize bolan beýle ýokary garaýşyňyz köp ýakymsyzlyklary döreder. Güýç ulanmaklygyňyzy kontrolda saklaň. Çünki siziň bu häsiýetleriňiz daş-töweregiňizdäkileriň degnasyna degip biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün kyn we wajyp işleri etmekden ýüz öwrüň. Siziň abraýyňyza uly zeper ýetirjek wakalaryň bolmaklygy ähtimal. Size özüňiziň islendik tarapdan bagly bolýan adamlarynyz bilen gatnaşyklaryňyzy doly derejede tertiplerşdirmek zerurdyr. Günüň ikinji ýarymynda çagalar bilen düşünişmezlikleriň bolmagy ähtimal. Size öz paýhaslylygyňyzy we sabyrlylygyňyzy görkezmek zerurdyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bolýan wakalara akylly-başly baha bermek ýalňyşlyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Başlangyçlaryňyzyň örüsini has giňeltmeklik barada pikir etmezden, dynç alyşynyzy meýilleşdirmezden ozal, mümkinçilikleriňizi gowy seljermeklik zerurdyr. Öz maksatlaryňyz barada her kime gürrüň bermeklik maslahat berilmeýär. Çünki şeýle etmek bilen, siz özüňize ýamanlyk isleýän adamlaryň ünsüni çekip bilersiňiz. Häzirki wagtda ýolbaşçylar we kärdeşleriňiz bilen gowy gatnaşyklary saklamak diýseň möhümdir. Ýanyňyzdaky adam size erbet keýpiňizden dynmaga komek edip biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün is saparlary, syýahat etmek üçin amatlydyr. Işde keýpiňiz pes bolar. Çünki öz içki pikirleriňize gümra bolmagynyz we ozalky günlerde bolup geçen romantiki gatnaşyklar size bar ünsüňizi işe jemlemäge päsgelçilik döreder. Bu ýagdaýlar sebäpli bolsa, käbir adamlaryň göwnüne degip bilersiňiz. Soýgüli adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyzda ünsli boluň. Mümkin boldugyça çydamlylyk gorkeziň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Passiw gün. Bu gün islendik adam bilen gatnaşyklaryňyzda ozüňizi saklajak boluň. Çünki siziň agressiw hereketleriniziň geçen hepde-de gazanan üstünlikleriňiziň dowam edilmegine päsgel berer. Ähli kynçylyklary paýhaslylyk bilen seljeriň we kabul ediň. Günüň ikinji ýarymy size ýakymly dususyklary getirer.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Siziň özüňize bolan aşa uly ynamyňyz özüni ödemezligi mümkin. Bu siziň işde we maşgaladaky ýagdaýynyza täsirini ýetirer. Günüň ikinji ýarymynda durnuksyz keýpiňiziň bolmak ähtimallygy ýokary bolar, siziň daşky dünýä bilen gatnaşyk saklasyňyz gelmez, içki gopgun has-da möwjär. Siz bu negatiwliklerden baş alyp çykmaly bolarsyňyz.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Ägä boluň, aşa kop energiýa ähli zatlary bulaşdyryp biler. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklarda özüňizi saklap bilmezligiňiziň, şeýlelikde ýagdaýy dawa-jenjele ýetirmegiňiziň ähtimallygy ýokary. Ýoldaşyňyz bilen gatnaşykda garaşsyzlygyňyzy ýaman tarapdan ulanmajak boluň. Çünki siziň işiňiziň üstünligi köp babatda olara bagly bolar. Garşy jynsyň wekili bilen gatnaşyk we emosional durmuş, umuman, wakalaryň gidişine bagly bolar.