2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda „Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe“ atly halkara ylmy maslahatynyň we serginiň çäginde Türkmenistan bilen Rumyniýa Döwletiniň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Gol çekilen resminamalar:
1. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kuliýewa we Rumyniýa Döwletiniň Alba Ýuliýa şäherindäki «1 Desembrie 1918» uniwersitetiniň rektory Breaz Waler-Daniel «Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba Ýuliýa şäherindäki «1 Desembrie 1918» uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»
2. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory Gurbanmyrat Mezilow we Koreýa Respublikasynyň Sungkýunkwan uniwersitetiniň wise-prezidenti Hanjung Lee «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Sungkýunkwan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»
3. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory Gurbangeldi Muhammedow we Belarus Respublikasynyň «Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň prorektory Dmitriý Kowalenko «Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (Türkmenistan) bilen «Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti» bilim edarasynyň (Belarus Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama»
4. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew we Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory Alfinur Galiakberowa «Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama»
5. Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimow we Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory Alfinur Galiakberowa «Türkmenistanyň Milli bilim instituty (Türkmenistan) bilen Ýokary bilim federal döwlet býujet bilim edarasynyň «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga» gol çekýärler.
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory Kakageldi Hümmäýew we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory Andreý Margolin «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga» gol çekildi.