DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Hindistanyň ministrleriniň Nýu-Ýorkdaky duşuşygy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Nýu-Ýork şäherinde iş saparynyň çäklerinde Hindistanyň daşary işler ministri Subrahmanýam Jaýşankar bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda taraplar söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gün tertibindäki esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministrler ikitaraplaýyn saparlary guramak, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäginde Söwda, ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň ähmiýeti bellendi. Şunuň bilen baglylykda, bu toparyň indiki mejlisine taýýarlanmagyň zerurlygy bellenildi.

Energetika hyzmatdaşlygy we iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň ýagdaýy hem pikir alyşmagyň temasyna öwrüldi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm orny, sebit ähmiýeti we sebitiň ösüşine goşýan goşandy bellendi.

Sebitiň gün tertibi barada aýdylanda, bu ýerde taraplar “Merkezi Aziýa + Hindistan” görnüşinde daşary işler ministrleriniň ýakyn wagtda geçiriljek ýygnagyna görülýän taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi