DÜNÝÄ

260 müň funtlyk äýnek

Beýik Britaniýada hindi milli azat ediş hereketiniň lideri Mahatma Gandiniň äýnegi 260 müň funt-sterlinge satyldy. Bu äýnegiň başlangyç bahasy 15 müň sterlinge deň boldy. Altyndan çaýylan tegelek görnüşdäki äýnek “East Bristol Auctions” söwda öýüniň poçta gutusynda ak konwertde tapyldy. Ol ýere bir erkek adam tarapyndan goýlup gidilipdir. Oňa hem bu äýnek daýysyndan galypdyr. Bu äýnegi geçen asyryň başynda Gandiniň özi sowgat edipdir. Ol bu maşgalada nesilden-nesle geçip gelipdir.

80 ýaşyndaky äýnegiň eýesi söwda öýüne beren äýnegi üçin ýazan hatynda onuň gymmaty bolmasa, zyňmak teklip edilipdir. Indi bolsa äýnegiň eýelerine köp möçberde pul berler, ol hem olaryň we ýakynlarynyň durmuşyny özgertmäge mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Täjigistan dokma senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi