SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

26-njy Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 26-njy  maýdaky  täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Ýakyn adamlaryňyz irden aýratyn ünsi talap ederler. Gysga wagtyň içinde çözülmeli köp ownuk meseleler bolar. Bularyň hemmesi birneme bulaşyklyk döreder. Emma öz duýgularyňyza üns berip başaryp bilseň aýratyn möhüm bolan hemme zady üstünlikli çözersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda  sizi gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly. Köp Hamallar ýakyn adamy bilen gatnaşyklarynda ynam dörederler.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Irden duýgudaşlyk duýgusyny duýarsyňyz şonuň üçin gün her tarapdan amatly bolar. Maşgala agzalary bilen düşünişmezlikleri ýeňip geçmek we hemmelere laýyk çözgüt tapmak aňsat bolar. Öýüňizdäki tertibi rahatlygy we gözelligi dikeltmek üçin gowy gün. Ýakyn adamlaryňyz öý işleriniň käbirini aňsatlyk bilen öz üstlerine alarlar.Günüň ikinji ýarymy dostlukly aragatnaşyk üçin ajaýyp. Täze gatnaşyklar üçin açyk bolan Sowurlar käbir köne tanyşlaryna täzeçe seretmeli bolarlar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Öý işleri gaty köp bolar ýöne ädimme-ädim olara baş goşup bilersiňiz. Ileri tutulýan ugurlary kesgitläň we artykmaç iş ýüküni almaň. Käbir Jöwzalar üçin uly göwrümli taslamalara başlamagyň geregi ýok ýöne ýakyn geljek üçin meýilnama düzmek zyýany bolmaz.Güniň ikinji ýarymy Jöwzalar üçin dostlary bilen habarlaşmak  üçin amatly pursat esasanam uzak wagtlap biri-biriňizi görmedik bolsaňyz.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün dynç almak jogapkärçiligi taşlamak we diňe ýakymly zatlar etmek islärsiňiz. Şeýle-de bolsa iň bolmanda esasy zatlary bitirmek üçin özüňize azajyk tagalla etmeli. Okamak we ekzamenlere taýýarlyk görmek adatdakysyndan has kyn bolar we has köp wagt talap eder. Emma tutanýerlilik we erjellik hemme zady ýeňip geçmäge kömek eder. Günüň ikinji ýarymynda güýçlenersiňiz.Maşgala Seretanlary  üçin ýakyn adamynyň ýanynda agşam geçirmek möhümdir. Bu wagt gürleşmek we birek-birege ýakynlaşmak üçin dogry pursat.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Höwesiňiz diňe bir işleri bitirmäge kömek etmän töweregiňizdäkileriň ynamyny gazanmaga kömek berer. Islendik wezipe size bagly bolar. Syýahatlar gowy netije berer. Daş-töweregiňizdäki adamlar siziň özüne çekijiligiňizi görerler we size has köp üns berip başlarlar. Täze gatnaşyga taýyn Esetler iş ýa-da dostlukly gatnaşyklary romantiki ugura geçirmeli bolarlar.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Köp zatda diňe oňyn garaýşyňyza we duýgulara çydamlylygyňyza bagly bolar. Kyn mowzuklaryň üstünde gürleşýän bolsaňyz ýa-da köp wagtdan bäri kimdir birini dogry aýdýandygyňyzy ynandyrmak isleseňiz bu gün çäre görmegiň wagty geldi. Emma günüň ikinji ýarymynda peýdaly  adamlar bilen duşuşyp bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Irden özüňizi emosional taýdan durnuksyz görersiňiz. Öý işlerini ýerine ýetirmek gahar-gazaba sebäp bolar. Şeýle-de bolsa özüňizi bir ýere jemlemäge we meýilleşdiren zatlaryňyzy dowam etdirmäge synanyşyň. Günüň ikinji ýarymyny ýekelikde geçirmek iň gowusy, ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy tötänleýin bozmazlyk üçin.Emma agşam ep-esli şadyýan bolarsyňyz. Täze tanyşlar üçin açyk Mizanlar gezelenje gitmeli ýa-da dostlary bilen bilelikde agşam geçirmelidirler.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11) 

Irden möhüm meselelere başlamagyň zerurlygy ýok. Kiçijik zatlarada gaharlanarsyňyz. Şonuň üçin ilki bilen özüňizi asuda ýagdaýda duýuň we islege bagly bir zat ediň oňyn taraplara sazlaň we diňe meýilleşdiren zadyňyza geçiň. Soňky wagtda özüňize we duýgularyňyza üns berseňiz  köp meseleleri çözüp bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Günüň birinji ýarymy gaty gowy geçmez. Ujypsyzja kynçylyklar ýakynlaryňyz bilen tötänleýin düşünişmezlikler we gereksiz çykdajylar ähtimal. Adaty gündelik işleriňize üns beriň we özüňize aşa ýüklenmäň başgalara has çydamly bolmaga synanyşyň. Şonda çynlakaý problemalardan gaça durup ähli gapma-garşylyklary çalt çözüp bilersiňiz.Düşünjäniň ýokarlanmagy kyn ýagdaýlardan çykalga tapmaga kömek eder. Agşam täze gatnaşyklara ygrarly Kowuslar üçin amatly bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşyk gaty üstünlikli bolmaz. Şonuň üçin maşgala Jedilerine  ähli diplomatiýa zerur bolar. Öý işlerini ýerine ýetiriň zatlary tertibe salyň, gereksiz we döwülen zatlary taşlaň. Jedel döretmezlik üçin jedelli temalar hakda gürleşmekden  gaça duruň. Günüň ikinji ýarymy aňsat we ýakymly bolar. Güýjiňiziň artýandygyny duýarsyňyz.. Agşam biraz dynç almaga synanyşyň. Köne dostlaryňyz bilen söhbet edip bilersiňiz ýa-da ýakyn adamyňyz bilen ýeke bolup bilersiňiz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Etjek bolýan zatlaryňyzyň hemmesini etmäge siziň üçin möhüm adamlar bilen wagt geçirmäge we hatda gowy dynç almaga wagtyňyz bolar. Käbir meseleler fiziki güýç ulanylmagyny talap eder.Daluwlaryň köpüsine bu wagt  okamak ýa-da döredijilik gazanmak üçin amatly pursat. Syýahatlara gitmek gowy pikir bolmaz. Emma möhüm meseläni ýakyn adamyňyz bilen ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Bu ikiňize-de laýyk gelýän we durmuşa geçirmek isleýän meseleleriňizde  aňsat çözgüdi  tapmaga kömek eder.

Hut (balyk 21.02 – 20.03)  

Beýleki adamlaryň gatnaşmagyny talap edýän köp sanly möhüm meseläni çözüp bilersiňiz. Ýakyn adamlaryňyz sizi islendik işde goldamaga taýyn bolarlar. Emma öwrenmek bilen meşgullanýan Hutlara täze bilimleri özleşdirmek  häzirki wagtda aňsat bolmaz.Güniň ikinji ýarymynda jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmak işjeň aragatnaşyk gurmak we täze tanyşmak üçin amatly pursat.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama