JEMGYÝET

26-njy martda “Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty” çärelerine badalga berler

2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda bu waka mynasybetli guraljak çäreler badalga bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe çäreleri, konsert, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahatyny, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy