SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

26-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                  26-njy  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallar üçin içki duýgular bilen daşky borçlaryň arasyndaky deňagramlylygy talap edýän günleriň biri bolar. Iş ýeriňizde  öňden gelýän meseleleriňize   täzeden seredip sabyrly çemeleşme bilen çözmek mümkindir. Emosional durnuklylygy saklamak bu gün aýratyn möhümdir. Şahsy durmuşda bolsa açyk gürrüňdeşlik düşünişmezlikleriň öňüni alar. Maddy meselelerde howlukmaç kararlardan gaça durmak maslahat berilýär. Güniň ikinji ýarymynda dynç almak we stressden uzak durmak peýdalydyr.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün Sowurlar üçin durnuklylyk we netijelilik bilen häsiýetlener. Iş ýeriňizde jogapkärçilikli meseleleri  size ynanylyp tabşyrylyp bilerler. Siziň sabyrlylygyňyz we yzygiderli zähmetiňiz oňyn netijeleri getirer.Güniň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklaryňyzda  rahatlyk we özara düşünişmek agdyklyk eder. Maddy taýdan ownuk, ýöne ýakymly girdejiler mümkin.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün Jöwzalar üçin aragatnaşyk taýdan işjeň gün bolar.Täze pikirler, peýdaly maslahatlar we maglumat alyş-çalşygy siziň üçin möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýle-de bolsa, aýdylan sözleriňiziň geljekde jogapkärçilik döredip biljekdigini unutmaň. Işde toparlaýyn iş üstünlikli bolar. Şahsy durmuşda bolsa açyklyk we dogruçyllyk gatnaşyklary berkitmäge kömek eder.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün Seretanlar üçin duýgy  taýdan birneme çylşyrymly bolup biler. Daşky ýagdaýlar sizi gynandyrp  biler, ýöne içki sabyrlylygyňyz ýagdaýy kadalaşdyrmaga ýardam eder. Işde ownuk düşünişmezlikler ýüze çykyp biler, olary wagtynda çözmek möhümdir. Güniň ikinji ýarymynda maşgala agzalarynyň goldawy size ruhy güýç berer.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu gün  Esetler üçin abraýyň we ýolbaşçylyk ukybynyň artýan güni bolar. Iş ýeriňizde siziň pikirleriňiz we başlangyçlaryňyz üns merkezinde bolar. Şeýle-de bolsa, töweregiňizdäkileriň pikirini hem hasaba almak zerurdyr. Şahsy durmuşda hoşniýetli gürrüňler gatnaşyklaryňyzy has-da berkider. Maddy taýdan töwekgelçilikli ädimlerden saklanmak maslahat berilýär.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün Sünbüleler üçin tertip-düzgün, meýilnama we jogapkärçilik öň planda bolar. Işleriňizi öňünden meýilleşdirseňiz, netijeleri sizi begendirer. Resmi işlerde üstünlik gazanmak mümkin. Maşgala bilen baglanyşykly meseleler rahat çözüler.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün Mizanlar üçin möhüm kararlary talap edýän gün bolup biler. Içki ikirjiňlenme ýüze çyksa-da, ýagdaýy seljermek arkaly dogry netijä gelip bilersiňiz. Işde hyzmatdaşlyk üstünlik getirer. Şahsy gatnaşyklarda açyk gürrüňdeşlik we özara hormat esasy orunda bolar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün Akraplar üçin duýgular güýçli bolar. Işde gizlin maglumatlara we resminamalara aýratyn üns bermek maslahat berilýär. Siziň intuisiýaňyz köp meselede size ýol görkezer. Maddy taýdan durnuklylyk saklanar. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz  bilen gürrüňdeşlik ruhy ýeňillikler berer.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün Kowuslar üçin täze mümkinçilikleriň we geljek meýilnamalaryň ýüze çykýan güni bolar. Okuw, syýahat ýa-da täze taslamalar bilen baglanyşykly meseleler üstünlikli bolup biler. Şeýle-de bolsa, ähli ädimleri öňünden ölçäp  görmek  has möhümdir.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Bu gün Jediler üçin jogapkärçilikli we işjeň günleriň biridir. Iş ýerinde zähmetiňiz we tutanýerliligiňiz ýokary bahalandyrylar. Resmi meselelerde üstünlik gazanmak mümkin.Güniň ikinji ýarymynda  maşgala gatnaşyklaryňyzda  durnuklylyk saklanar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün  Daluwlar  üçin döredijilikli pikirleriň we täze başlangyçlaryň güni bolar. Dostlaryňyzyň  goldawy we maslahatlary size täze ýol açyp biler. Işde özbaşdak çözgütler oňyn netijeleri berer. Maddy meselelerde tygşytlylyk maslahat berilýär.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün Hutlar üçin duýgurlygyň artýan güni bolar. Ähli zatlara düşünjeli çemeleşseňiz, döredijilik işleriňizde  uly üstünlikleri  gazanmak mümkin. Şeýle-de bolsa, töweregiňizdäkileriň pikirlerine  aşa berilmezlik möhümdir.

Ýene-de okaň

30-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

29-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

28-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

27-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

25-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama