Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 26-njy awgustndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Çydamlylyk we erjellik islendik kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Şonuň üçin möhüm meseleleriňizi soňa çenli goýmaly däl.Bu gün köp meseleleriňizi çözersiňiz, çylşyrymly gepleşikleri üstünlikli geçirersiňiz we her kim bilen özara bähbit üçin ylalaşyk gazanyp bilersiňiz. Täsirli adamlarda oňyn täsir galdyryp, goldawlaryny alyp bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda täze taslamalara başlamaly dälsiňiz.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Pursatdan peýdalanyň köp üstünlik gazanarsyňyz. Pikiriňizi başgalar bilen paýlaşyp üstünlik gazanyp bilersiňiz. Siziň dogryçyllygyňyzy hemmeler halamaz. Günüň ikinji ýarymy has amatly bolar. Bir ýere jemlemek we dogry karar bermek has amatly bolar. Käbir Sowurlar özlerinden kän zat talap etmeli däldirler. Ýakyn wagtda dostlaryňyz we maşgala agzalaryňyz size goldaw bererler.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün uzak wagtlyk ýaranlaryňyz bilenem umumy dil tapmaga ökde bolarsyňyz. Ugurtapyjylygyňyzy ulanyň, size köp gapylar açylar. Jöwzalaryň köpüsi täsirli adamlar bilen peýdaly aragatnaşyk gurup bilerler. Işewür gatnaşyklaryň romantiki öwrülmegi hem ähtimal. Bir gezeklik, ýöne göze ilýän nagt girdejiler hem aýrylmaýar.Günüň ikinji ýarymy gaty netijeli bolar. Köpden bäri çözmek isleýän meseleleriňizi çalt çözüp bilersiňiz. Hemme zady ýeke özüňiz etjek bolmaň kärdeşleriňiziň ýa-da dostlaryňyzyň kömegi gaty peýdaly bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Ugurtapyjylygyňyz köp kynçylykly islendik meseläňizi çözmäge mümkinçilik berer. Daş-töweregiňizdäkiler size höwes bilen kömek ederler. Köp Seretanlar girdejilerini birneme ýokarlandyryp dürli adamlar bilen gepleşiklerde üstünlik gazanyp bilerler.Günüň ikinji ýarymy aragatnaşyk üçin amatly. Tejribeli dostlaryňyz ýa-da ýakynlaryňyz bilen maslahatlaşyň, elbetde peýdaly maslahatlary alarsyňyz. Kärdeşleriňizden ýa-da uzak wagtlap dostlaryňyzdan biri bilen romantik hekaýanyň başlamagy mümkin.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Bu gün sizde güýç we ylham köpelýär. Maksatlaryňyza ýetmek aňsat bolar. Ýakymly emosional keýp, islendik ownuk kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Täze zatlary öwrenmek üçin amatly gün.Meýilleşdirilmedik maliýe girdejisi ähtimal. Işdeşleri we ýakynlary bilen möhüm zatlary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly pursat.Esetleriň köpüsinde hyzmatdaşlyga ýa-da uzak möhletli dostluga öwrülip bilýän garaşylmadyk tanyşlary bolar. Işewür gatnaşyklaryň romantiki gatnaşyklara öwrülmegi mümkin.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Duýgurlygyň ýokarlanmagy başga adamlaryň gizlin maksatlaryna düşünmäge kömek eder. Islendik kyn ýagdaýdan çykmagyň amatly ýoluny tapyp bilersiňiz. Ylhamyň köpelmegi size güýç berer we hatda batyrgaý pikirleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.Güniň ikinji ýarymynda agşam azajyk gaharlanmagyňyz mümkin. Öýdäki kynçylyklary çözmeli bolaryňyz. Maşgala agzalary bilen ownuk düşünişmezlikler bolup biler, ýöne bu çynlakaý dawa getirmez.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Günüň başynda birbada birnäçe zady başdan geçirmeli bolarsyňyz. Ýöne bu sizi binjalyk etmez, tersine, gyzykly güýç synagyna öwrüler. Käbir Mizanlar ýolbaşçylardan mynasyp höwes alarlar. Ýolbaşçylyk häsiýetleriňizi görkezmek we kärdeşleriňiziň öňünde abraýyňyzy berkitmek üçin bir mümkinçilik bolar.Günüň ikinji ýarymy,esasanam umumy hünär gyzyklanmalaryňyz ýa-da uzak wagtlyk dostlukly aragatnaşyk üçin amatlydyr.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Güni möhüm meseleler bilen başlamaň. Esasy zada ünsüňizi jemlemek we ownuk-uşak zatlar bilen ünsüňizi çekmek kyn bolar. Kärdeşler ýa-da hyzmatdaşlar bilen özara düşünişmek hem kyn bolar. Siziň duýgurlygyňyz başgalar bilen umumy dil tapmagyňyza päsgel berer. Işiňize zyýan ýetirmezlik üçin duýgularyňyzy ýeňip geçmäge synanyşyň. Öň wagtyňyz bolmadyk zatlary edip bilersiňiz.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün aragatnaşyk üçin has amatlydyr. Jedelli meselelerde-de ep-esli tagalla etmezden hem ylalaşyp bolar. Gepleşikler gowy geçer. Ylalaşylan şertnamalar girdejili bolar. Goşmaça maliýe girdejilerini aradan aýyryp bolmaýar emma çykdajylaryňyza ünsli garamaly bolarsyňyz. Köp Kowuslar beýlekilerde güýçli täsir galdyryp bilerler. Işewür gatnaşyklaryň romantiki gatnaşyklara öwrülmek mümkinçiligi bar. Täze tanyşlar gyzykly täsirleri getirer we uzak dostlugyň başlangyjy bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Köp üstünlik gazanarsyňyz ýöne tolgunmaly bolarsyňyz. Uzak wagtlyk meseleleriňiziň üstünde durup bilersiňiz. Käbir Jediler özlerinden öňki ýalňyşlyklaryny düzederler. Duýgularyň döremeginden ägä boluň, olar size üstünlik gazanmagyňyza päsgel berip biler.Agşam öý işlerine wagt sarp etmeli bolarsyňyz. Güniň ikinji ýarymynda hemme zady etmegi başararsyňyz emma garaşanyňyzdan has köp energiýa sarp edersiňiz. Maşgalaňyzdan we dostlaryňyzdan kömek soramakdan çekinmäň elbetde sizden ýüz öwürmezler.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Aýgytlylyk we erjellik köp möhüm meseleleri çözmäge kömek eder. Ýygnan tejribeleriňiz we iş başarnyklaryňyz beýlekileriň maslahatyndan has peýdaly bolar. Dogrydygyňyza köpleri ynandyryp duýgudaşlygyny gazanyp bilersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda öz-özünden satyn almakdan we gereksiz çykdajylardan gaça duruň. Çykdajylara düşünmezlik maliýe kynçylyklaryna sebäp bolup biler. Ýakynlaryňyz bilen özara düşünişmek aňsat bolmaz.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Irden, ünsi i talap etmeýän tanyş meseleleriňize üns beriň. Kärdeşleriňiz bilen umumy dil tapmak size kyn bolar. Hemme zady özüň etmek düşündirmek has aňsat bolar. Günüň ikinji ýarymy gowy geçer. Köp Hutlar peýdaly ussatlygy öwrenip bilerler. Söwda girdejili bolar we ýakyn dostlaryňyz ýa-da ýakyn adamyňyz bilen aragatnaşyk kyn günden soň güýçlener.