SPORT

“Baýer” topary Germaniýanyň Superkubogyny gazandy

Germaniýanyň “Bundesliga” futbol çempionatynyň çempiony “Baýer” topary çempionatda ikinji orny eýelän “Ştutgart” topary bilen Germaniýanyň Superkubogyny almak ugrundaky duşuşykda duşuşdy.

13 ýyldan soňra “Bawariýa” toparynyň gatnaşmaýan duşuşygynda bu iki topar bäsleşdi. Geçen möwsümiň çempioni “Baýer” topary Superkubogy hem gazanyp, Germaniýanyň iň güýçli toparydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlanan duşuşykda 11 metrlik jerime urgulary bellendi. Şol jerime urgularynda 4:3 hasabynda “Baýer’topary ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, “Baýer” toparynyň tälimçisi Habi Alonso liganyň çempiony, Germaniýanyň Kubogyny hem-de Germaniýanyň Superkubogyny gazandy.

Geçen möwsümi çempionlyk kubogy bilen tamamlan “Baýer” topary täze möwsümi hem kubok bilen başlaýar.

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler