SPORT

Türkmenistan bilen Belgiýa futbol hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Belgiýanyň Patyşalyk Futbol assosiasiýasy öz tejribelerini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Türkmenistan bilen Belgiýanyň arasynda futbol boýunça hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň Belgiýanyň Patyşalyk Futbol assosiasiýasy direktory Peters Willems bilen duşuşygy boldy.

Iki ýurduň Futbol federasiýalarynyň arasyndaky ilkinji duşuşyklary guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek babatda türkmen tälimçilerini Belgiýada taýýarlamak, Belgiýanyň hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak, futbol klublarynyň direktorlarynyň tejribesini ýokarlandyrmak, türkmen futbolçylaryny belgiýaly tälimçileriň gatnaşmagynda anyk duşuşyklara taýýarlamak boýunça iş alyp barmagyň ugurlary maslahatlaşyldy.

Belgiýa Patyşalygynyň Futbol assosiasiýasy Belgiýada futboly dolandyrmak we gözegçilik etmek üçin döredilen edaradyr. Merkezi binasy Brýusselde ýerleşip, ol 1895-nji ýylda döredildi. 1904-nji ýyldan bäri FIFA-nyň we 1954-nji ýyldan bäri UEFA-nyň agzasydyr.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler