Germaniýada geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Ispaniýanyň düzüminde çempion bolan 17 ýaşyndaky Lamin Ýamalyň ýarym finalda Fransiýanyň derwezesinden geçiren goly Ýewropa çempionatynyň iň owadan goly hasaplandy. Degişli reýting Ýewropa Futbol assosiasiýalarynyň geňeşiniň (UEFA) saýtynda ýerleşdirildi.
Halkara futbol ýaryşyna gatnaşan iň ýaş futbolçy hökmünde Peläniň rekordyny täzelen Ýamalyň bu goly Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky duşuşykda hasabyň 1:1 hasabynda deňlenmegine mümkinçilik berdi. Ýamalyň uzak aralykdan depen pökgüsi ilki bilen derwezeniň sütünine degip, soňra derwezä gönükdi.
Şeýle hem bu gol Ýamalyň Ýewropa çempionatlarynda gol geçiren iň ýaş futbolçy bolup, rekord goýmagyna getirdi. Ýamal bu goly 16 ýaş 362 gün bolan wagty geçirdi.
Ýewropa çempionatynyň iň owadan gollarynyň üçlüginde iňlis futbolçy Jud Bellingemiň hem-de şweýsar futbolçy Jerdan Şakiriniň geçiren gollary bar.
UEFA tarapyndan çempionatyň iň owadan 10 golunyň reýtingi düzüldi. Bu reýtingde Türkiýeden Arda Güleriň hem-de Mert Müldüriň geçiren gollary degişlilikde 5-nji we 6-njy orunlary eýeledi.
