SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

25-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün tiz hereket etmekden has-da deňagramlylyk ileri tutulýar. Içki höwesiňiz ýokary bolsa-da, wakalaryň ösüşi sizi biraz haýallamaga çagyrýar. Tizlik bilen kabul edilen kararlaryň ýerine, jikme-jiklikleri seljerip öňe gitmek uzak möhletde has berk netijeleri getirip biler. Iş durmuşynda garaşylmadyk bir waka gündemiňizi üýtgedip biler. Şahsy gatnaşyklarda bolsa, asudalyk hasda  möhüm bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Maddy  meseleler we howpsuzlyk duýgusy bu gün pikiriňiziň merkezinde durar. Harajatlar, maýa goýumlary ýa-da uzak wagt bäri yza süýşürilen maliýe meýilnamalaryňyzy  gaýtadan ara alnyp maslahatlaşylyp bilersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda bolsa  maşgala  gatnaşyklarda  durnuklylyk islegi öň plana çykar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Aragatnaşyk işjeňligiňiziň artjak günü. Duşuşyklar, hat alyşmalar we duýdansyz gelen habarlar gündelik işleriňizi çaltlandyryp biler. Emma eşiden her maglumatyňyza dessine ynanman, ony seljerip görmek peýdaly bolar. Jemgyýetçilik gurşawynda geçiriljek möhüm bir gürrüň, käbir sorag alamatlaryny aradan aýryp biler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün birneme içiňize çekilen ýaly duýup bilersiňiz. Geçmiş bilen bagly pikirler ýa-da tamamlanmadyk meseleler pikirlendirip  biler. Muny ýük hökmünde däl-de, içki aň-düşüniş prosesi hökmünde kabul ediň.Güniň ikinji ýarymynda  maşgala bilen bagly meseleler öň plana çykyp biler; paýhasly çemeleşme meseleleriň ulalmagynyň öňüni alar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Jemgyýetçilik gatnaşyklary we geljek meýilnamalary üçin  üns çekiji bir gün. Uzak wagt bäri pikirlenýän maksadyňyz bilen bagly täze bir mümkinçilikler gapyňyzy kakyp biler. Özüňizi beýan edeniňizde artykmaçlyk ýol bermezlik, daş-töweregiňizde has güýçli täsir galdyrar. Toparlaýyn işlerde oüstünlik gazanyp  bilersiňiz.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Jogapkärçiligiňiziň artandygyny duýup bilersiňiz. Iş we kärýera ugurlarynda jikme-jiklik talap edýän meseleler öň plana çykar. Düzgün-tertipli we meýilnamaly tutumyňyz arkaly çylşyrymly ýaly görünýän ýagdaýlary  gysga wagtyň içinde anyklap bilersiňiz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün gözýetimiňizi giňeldýän ösüşler bolup biler. Bilim, syýahat ýa-da hukuk bilen bagly habarlar gündeme gelip biler. Kararsyz galan bir meseläňizde indi has anyk pikirlenip başlap bilersiňiz. Gatnaşyklarda özara düşünişmek we duýgudaşlyk mümkin bolan dartgynlylyklaryň öňüni alar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Çuňňur pikirleniş güýjüňiz bu gün has-da güýçli. Maddy paýlaşyklar, bergiler ýa-da bilelikdäki işler gaýtadan gözden geçirilip bilersiňiz. Gizlin galan käbir hakykatlar ýüzüne çykyp biler. Bu döwürde duýgu reaksiýalaryň ýerine strategiýaly çemeleşmek size artykmaçlyk berer.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar günüň esasy temasy bolar.Garşy taraplaryň garaşmalaryna has anyk düşünip bilersiňiz. Ylalaşyk ýoluny gözlemek, gatnaşyklardaky deňagramlylygy saklamaga kömek eder. Şahsy durmuşda açyk aragatnaşyk düşünişmezlikleriň öňüni alar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Gündelik tertip, iş ýüki we saglyk bilen bagly meseleler öň plana çykar. Bu gün siziň meýilnamaly hereket etmeli günüňiz. Ujypsyz jikme-jiklikleri äsgermezlik  geljekde uly kynçylyklaryň öňüni alyp biler. Güniň ikinji ýarmynda özüňize wagt tapyp dynç almak maslahat berilýär.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Döredijilik we özüňizi beýan etmek islegi artar. Sungat işleri bilen gyzyklanýan hobbiňiz ýa-da çagalar bilen bagly meseleler gündeme gelip biler. Durmuşdan lezzet alyp biljek kiçi pursatlar ruhy ýagdaýyňyzy gowulandyrar. Duygy  meselelerinde bolsa, dessine hereket etmekden saklanmak peýdaly bolar.
Hut (balyk 21.02 – 20.03) 
Hyzmatdaşlaryňyza gaty seresap boluň, her bir adam siz üçin gowulygy isleýän däldir. Şeýle hem ýyldyzlar dostlar ýa-da garyndaşlar bilen gatnaşykda bolup biljek kynçylyklar barada duýduryş berýärler. Şonuň üçin bu gün has paýhasly bolmaly we howlukmaç karar bermeli däl. Biraz oňaýsyzlyk, nägilelik we gaharlanma mümkin..
Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

24-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2026;Hepdelik täleýnama (19-njy -25-nji ýanwar )

23-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

22-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

19-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

17-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama