Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 25-nji iýuldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Maşgala gatnaşyklary sazlaşykly, gyzykly, gezelenç etmek üçin gowy gün. Bu gün diňe adaty işleriňizi etmek gowudyr. Söwda işlerinde üstünlik gazanmagyňyz mümkin. Üstünligiň has uly bolmagy üçin täsirli howandarlaryň ýa-da hyzmatdaşlaryň goldawyny almak zerur.
Ruhy taýdan arassalanmak, ahlak kanunlaryny, düşünje bilen baglanyşykly işjeň gün. Täze girdeji çeşmelerini işjeň gözlemeli, şol bir wagtyň özünde şübheli tekliplerden gaça durmaly. Gyzyklanma, göriplik, garaşylmadyk päsgelçilikler meýilnamalaryňyzyň ýerine ýetirilmegini gijikdirip biler.
Bu günüňizi öýde geçirmek maslahat berilýär. Erbet habarlar size negatiw täsir edýän bolsa gerek. Gün ruhy kararsyzlygyň, şübheleriň we lapykeçligiň alamatlary bilen geçer. Parahatçylykly, asuda ýagdaýda, owadan bezelen stoluň başgynda agşamlyk edinmek peýdalydyr. Pespällik we ýokary ahlak häsiýetleri günüň negatiw meýillerini azaltmaga kömek eder.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün karýerany ösdürmek üçin iň amatly gün. Şahsy işlerde üstünlik gazanmagyňyz ähtimal, ýöne maddy meseleleri çözmek aňsat bolmaz. Şowsuz söwda ýa-da öňki wadalar bilen baglanyşykly maliýe ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ähtimal. Daş-töweregiňize has içgin göz aýlamaly.
Bu gün täze işe başlamak, uzak möhletli işleri meýilnamalaşdyrmak, gündelik meseleleri çözmek üçin iň amatsyz gün. Seresaplylyk we paýhaslylyk bu gün has zerurdyr. Bu gün bedene zyýan berip biljek ähli zatlardan, esasanam alkogolly içgilerden saklanmaga synanyşyň.
Bu gün haýsydyr bir iş bilen meşgullananyňyzda seresap we ünsli bolmaly. Ýyldyzlar işjeň ädim ätmezligi we eden işiňizde ökünmezligi maslahat berýärler. Bu gün öýüňizde arassaçylyk işlerini geçirmek peýdalydyr.
Bu gün aşa köp pikirlenmegiňiz käbir gündelik işleriň üstünde durmagyňyza päsgel berer. Hünärmenlik ugrunda işjeň bolmazlyga synanyşyň – kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz bilen gatnaşyklarda ýalňyş hereket etseňiz, ýagdaýy düzetmek gaty kyn bolar. Ýakynlaryňyza, çagalaryňyza, garyndaşlaryňyza üns beriň.