Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamallar üçin içki durnuklylyk bilen daşky işjeňligiň sazlaşygy emele gelýär. Kararlaryňyz emosional däl-de, paýhasly pikirlenmä esaslanar. Iş gatnaşyklarynda täze mümkinçilikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Maliýe meselelerinde seresaplylyk görkezmek wajypdyr. Şahsy durmuşda bolsa düşünişmezlikleriň ýerine ynam we sabyr esasy orny eýelär.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu gün strategik taýdan möhüm günleriň biridir. Uzak möhletli meýilnamalar boýunça ilkinji ädimler üstünlikli bolar. Resmi duşuşyklar, gepleşikler we işewür aragatnaşyklar oňyn netijeleri berer.Güniň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklarynda bolsa durnuklylyk we ruhy rahatlyk duýgusy güýçlener.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Jöwzalaryň bu gün intellektual işjeňligi ýokary derejede bolar. Täze maglumatlary çalt kabul etmek, seljerme etmek ukyby güýçlener. Mediada, döredijilikde, ýazuw işlerinde üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokarydyr. Şahsy gatnaşyklarda açyklyk we ynam esasy şert bolup durýar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Bu gün Seretanlar üçin duýgy taýdan çuňňur we manyly gün bolup biler. Öňki meseleleriňiziň çözgüdi tapylmagy ähtimal. Ruhy taýdan arassalanma, öz-özüňi seljerme möhüm ähmiýete eýe bolar. Maşgala gatnaşyklarynda mähir, düşünişmek we sabyr öň plana çykar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
esetler üçin bu gün liderlik mümkinçilikleriniň ýüze çykýan wagtydyr. Jemgyýetçilikde, işde we toparlaýyn işlerde öňe çykmak ähtimallygy ýokary. Şahsy abraýyňyz artyp biler. Güniň ikinji ýarymynda maliýe taýdan täze mümkinçilikleriň gapysy açylar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin bu gün tertip-düzgün, ulgamlylyk we takyklyk güni bolar. Işleriňizi plan boýunça alyp barmak üstünlik getirer.Güniň ikinji ýarymynda saglygyňyza özüňize üns bermek zerurdyr. Ruhy taýdan bolsa içki rahatlygyňyz güýçlener.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin deňagramlylyk günüdir. Kararlaryňyz paýhasly, ölçegli we durnukly bolar. Hukuk, resminama, şertnama ýaly ugurlar üstünlikli çözüler. Şahsy durmuşda gatnaşyklary täze derejä çykarmak mümkinçiligi bolar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Bu gün Akraplar üçin güýçli transformasiýa güni bolup biler. Içki dünýäňizdäki üýtgeşmeler daşky durmuşyňyza hem täsir eder. Psihologik taýdan güýçlenme, özüňi tanamak prosesi işjeňleşer. Işde bolsa möhüm kararlaryň kabul edilmegi mümkin.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Kowuslar üçin ösüş, giňişlik we täze mümkinçilikler güni. Syýahat, bilim, täze başlangyçlar üstünlikli bolar. Dünýä görüşiňiz giňär. Ruhy taýdan ösüş we içki erkinlik duýgusy güýçlener.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bu gün jogapkärçilik, durnuklylyk we ösüş güni. Uzak möhletli maksatlaryňyz boýunça berk binýat goýulýar. Işde abraýyňyz ýokarlanýar. Maşgala gatnaşyklarynda hormat we ynam esasy orun eýeleýär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin täze pikirleriň, innowasion çözgütleriň güni. Jemgyýetçilik, döredijilik we sosial işlerde üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokary bolar.Güniň ikinji ýarymynda täze taslamalaryň düýbi tutulýar. Ruhy taýdan erkinlik we döredijilik güýçlenýär.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin ruhy taýdan çuň manyly gün. Duýgy taýdan arassalanma, içki dünýäniň durnuklaşmagy ýüze çykýar. Döredijilik, sungat we ruhy işlerde üstünlik gazanmak ähtimal. Şahsy durmuşda bolsa mähir we düşünişmek öňe çykýar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
