Hormatly okyjylarymyz!
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Hünär işjeňliginde şowsuzlyklar, käbir depressiýa, pessimizm bolup biler. Durmuş potensialynyň peselmegi sizi uzak möhletli meýilnamalary düzmäge ýa-da işiňizi üýtgetmäge mejbur eder. Edil häzir ýüregiňizi däl-de beýniňizi diňlemeli wagtyňyzdyr. Pikirleriňizi logika bilen barlaň, dostlaryňyz we maşgalaňyz bilen maslahatlaşyň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün siziň işleriňiz diýseň köp bolar. Garyndaşlaryňyz we ýakyn dostlaryňyz bilen aragatnaşyk saklanyňyzda gaty seresap we öňdengörüjilikli boluň – gapma-garşylyk, dawa-jenjel bolup biler. Bagyşlamaklyk, käbir zatlara göz ýummak başarjaňlygyňyz size täze zatlarda üstünlik gazanmaga güýç-kuwwat berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Şu günki täleýnama, durmuşyňyzda negatiw rol oýnajak täze tanyşdan ägä bolmagy maslahat berýär. Garaşylmadyk jedel ýagdaýy gyzdyryp biler ýa-da siziň peýdaňyza çözülmez. Çynyňyz bilen arzuw ediň. Siziň arzuwyňyzyň ýakyn wagtlarda amala aşmagy gaty ahmaldyr.
Ýyldyzlar, islendik işde dogruçyllygy baş ýörelge edinen, çuňňur duýguçyl we emosional raklara köpçülik tarapyndan ykrar edilmegini, üstünlik gazanmagyny kepillendirýär. Arzuwlaryňyzyň juda ýakyn wagtda amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün iş saparlary, söwdalar, nika baglanyşmak, amallary amala aşyrmak üçin diýseň amatsyz. Bu günüň negatiw meýilleri, geljege bolan garaýşyňyza çynlakaý täsir edip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Gozgalmaýan emläk we mebel söwdalaryndan başga söwda üçin gowy gün. Şahsy durmuşda kynçylyklara üns bermeli däl. Açyk söhbetdeşlik dartgynlygy aýyrmaga kömek edip biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Kyn we howply gün. Keýpiňizi düýpli bozup biljek ýa-da töweregiňizdäki käbir adamlar bilen gatnaşyklaryňyza täzeden garamaga mejbur edip biljek ýakymsyz habarlaryň bolmak ähtimallygy ýokarydyr.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda akraplar, resmi wezipäňiz bilen ylalaşmazlygyňyz ýa-da bar bolan baştutanlygyňyzy ykrar etmek islemezligiňiz ýolbaşçylar bilen gapma-garşylyga getirip biler. Daş-töwerekden garşylyk güýçlener. Saglygyňyza gözegçilik ediň: ýaramazlaşmagy ähtimal.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Gün kyn bolup biler. Belki, bu gün depressiýa meýilli bolarsyňyz. Ýekelikdir pikirleriňiz bilen wagtyňyzy geçiriň, duýgularyňyzy tertipläň. Jogapkärçilik, synaglara garşylyk, saklanmak zerurdyr.
Bar zatlaryňyzy saklamak üçin, gazananlaryňyzyň çägini kesgitläň we ownuk-uşak zatlara-da üns beriň. Bir minudyňyzy-da ýitirmän edýän isripsiz hereketiňiz, iň uly meýilnamalaryňyza we maksatlaryňyza ýetmäge kömek edip biler. Şaý-seplerden we daş önümlerinden başga söwda etmek amatly.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Durmuşyňyza giren täze adamlar köp kynçylyklaryň çeşmesi bolup biler. Alamatlara eýeriň görünip furan zatlardan netije çykaryň – bu gün içki mazmunyňyz, pikirleriňiz daşky dünýäde öz beýanyny tapar. Öňden bäri edip gelýän arzuwlaryňyzyň hasyl bolmak ähtimallygy ýokarydyr.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halakara gatnaşyklary institutynyň talyby.