SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

24-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

 

Hormatly her günki täleýnama bilen yzygiderli gyzyklanýan okyjylarymyz! Size 24-nji iýundaky nobatdaky täleýnamany hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu günüň wakalardan doly bolmagy ähtimal, olaryň bir bölegi işleriňiz, beýlekisi bolsa daş-töweregiňizdäkiler bilen baglanyşykly bolar. Içki rahatlygyňyz kärdeşleriňiziň we ýolbaşçylaryňyzyň arasynda abraýyňyzyň berkemegine kömek eder. Belli bir meselä ünsi jemlemek maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Ýoluňyzdaky ähli kynçylyklara we päsgelçiliklere garamazdan daşyňyzdan asudalygy saklamaga synanyşyň. Bu ýagdaýda dürli iş we şahsy meseleleriň üstünlikli çözülmegi mümkindir. Ep-esli nagt girdejiler mümkin. Netijede, durmuşyň dolulygyny we hereket etmek islegiňizi, köp ýakymly pursatlary özüňize we ýakynlaryňyza ýetirmek ukybyny duýarsyňyz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Güýçli duýgular sizi doly gurşap biler. Goşmaça kynçylyklardan gaça durmak üçin seresaplylyk we paýhaslylyk maslahat berilýär. Daşarky dünýäden üzňeleşmäge synanyşyň. Häzirki wagtda ähli kararlary we möhüm meseleleri soňa goýmak maslahat berilýär. Boş wagtyňyzy çagalara bagyşlaň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Irden özüňizi güýçli we optimistik duýarsyňyz. Emma bu size soňky döwürde goýberen ýalňyşlyklaryňyzy we ýalňyş hasaplamalary düzetmäge kömek etmez. Mundan başga-da, özüňizi gizlin bir erbet niýetli ýaly duýarsyňyz. Bolýan zatlary passiw synlamaly dälsiňiz, ýogsam ejiz bolarsyňyz. Sazlaşykly hereket ediň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Döredijilikde özüňizi tanamak üçin amatly gün. Az çykdajy bilen girdejili işi ýerine ýetirip bilersiňiz. Wakalar öz keşbiňize çynlakaý täsir edip biler. Maşgala durmuşynda söýgi we düşünişmeklik garaşylýar. Günortany ýakyn adamyňyz bilen asuda we parahat ýagdaýda geçiriň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Söwda etmek, gozgalmaýan emläk satyn almak üçin amatsyz gün. Wajyp söwdany amala aşyrmaklykda ünsli boluň we hemme zady göz öňüne tutuň. Munuň üçin pikir edişiňizden has köp serişde gerek bolmagy gaty ähtimal. Wagtyň geçmegi bilen, şu wagt arzuw edýän zatlaryňyzyň köpüsini alyp bilersiňiz, ýöne häzir garaşyň. Aşa duýguçyllyk sebäpli saglygyňyz birneme ýaramazlaşar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Köp adamlar siziň netijeliligiňize, işiňiziň ugruna bolýandygyna göriplik eder. Işiň ahyrky netijeleri sizi kanagatlandyrar. Alçaklygyňyz, özüneçekijiligiňiz artar, bu bolsa, üstünlik ýolundaky ähli synaglary we päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berer. Saglyk bilen baglanyşykly kynçylyklar mümkin – ýokanç kesellerden ägä bolmaly.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Häzirki wagtda maliýe ýagdaýynda wagtlaýyn kynçylyklar bolup biler. Durmuş
potensiýaly-da pes ýagdaýda. Emma şonda-da beýleki adamlaryň maslahatyna eýermäň – olar diňe zyýan berip biler. Düşünjäňize we özüňize bil baglap, bu negatiw prosesi duruzyp bilersiňiz. Aşa özüňize göwnüýetijiligiňizi boýun egdirip, başlygyňyza ýa-da ýakyn adamyňyza eglişik etmeli.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün sizde uly nägilelik duýgusy bolmagy mümkin. Şahsy gatnaşyklar isleýşiňiz ýaly netijeleri bermez. Bu siziň abraýyňyzy bozup biler, ýöne özboluşly düşünjäňiziň kömegi bilen yza ýol tapyp we özüňizi gorap bilersiňiz.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Işiňiziň üstünlikli tamamlanmagy üçin amatly gün. Işiňizde täze tegelek stollary amala aşyrmak we täze meýilnamalaryňyza başlamak maslahat berilýär. Bagtyňyzy saklamak üçin, üstünlikleriňiziň çägini kesgitläň. Şahsy durmuşyňyzda şowlulyklar ýar bolar. Siziň yhlasyňyz we paýhasyňyz köp adamy ýeňip geçmäge kömek eder. Söýgüde, ilkinji täsirlere we duýgurlyga ynanyň.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ýyldyzlar täjirçilik işi, şertnamalar baglaşmak we gymmatly kagyzlar bilen işlemek üçin häzirki döwrüň amatlydygyny aýdýarlar. Inisiatiwany hiç kime tabşyrman, hemme zatda özüňiziň aýgytly hereket etmegiňizi dowam etdiriň. Hatda nätanyş bir işe girmek töwekgelçiligine uçrap bilersiňiz. Ýöne meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi täze şertlere näçe uýgunlaşyp we kärdeşleriňizden üstün çykyp biljekdigiňize bagly bolar. Şahsy durmuşyňyzda höwesleriňizi, arzuwlarynyzy biraz basmaly we ähli ýagdaýlara seresaplylyk bilen garamaly.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Belki, bu gün şahsy durmuşyňyzdaky soňky günlerde sizi günüňize goýmadyk meseleleri çözmeklik bilen özüňizi bagtly duýarsyňyz. Hereketleriňiz çuňňur duýgulara beslenen, öz dogrulygyňyza bolsa, doly ynanýan bolsaňyz ýyldyzlar size üstünlik gazanmagy kepillendirýärler.

Ýerli sanjymyň ady “Turkovac” boldy

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama