SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

24-nji Iýun ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2024-nji ýylyň 24-nji  iýundaky  täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün boş wagtyňyz az bolar sebäbi diňe bir özüňiz däl beýleki adamlaryň işleri bilenem meşgullanmaly bolarsyňyz. Köp Hamallar  başga biriniň goýberen ýalňyşlyklaryny hem düzetmeli bolarlar. Esasanam günüň birinji ýarymynda tutanýerli bolsaňyz üstünlik gazanarsyňyz.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Günüň başynda emosional ýagdaýyňyz durnuksyz bolup biler şonuň üçin hatda ownuk hadysalara-da aşa baha berersiňiz. Emma çynlakaý problemalar ýüze çykmaz.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyza üns bermeli bolarsyňyz. Ýakynlaryňyzyň özbaşdak başaryp bilmejek kynçylyklary bolup biler. Kömege gelmek üçin işiňizi bir gapdala goýmaly bolarsyňyz. Agşam sizi gowy habar ýa-da ýakymly duşuşyk bilen begendirer.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Ýaldyzlaryň goldawy bilen günüň birinji ýarymynda üstünlik gazanarsyňyz. Gepleşikler gowy geçer we gyzykly iş tekliplerini alarsyňyz . Täze tanyşlar bilen duşuşarsyňyz we  täsir galdyrarsyňyz.Köp wagt ozal başlanan zatlaryňyzy  tamamlap, köne işleriňize  gaýdyp gelmek üçin amatly bolar. Öýdäki käbir meseleleri çözmäge mümkinçilik bolar. Munuň üçin az mukdarda pul sarp etmegiňiz  gaty ähtimal.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Günüň başynda möhüm meselelere ünsüňizi jemläp bilersiňiz. Her wagt ownuk-uşak zatlar bilen gyzyklanarsyňyz we bu ýalňyşlyklara sebäp bolup biler. Uly bolmadyk maliýe ýitgileri we şowsuz amallar müňkin. Emma oňyn tendensiýalaryň täsiri çalt güýçlener we tiz wagtdan ýyldyzlaryň goldawyny duýarsyňyz.Soň bolsa täze işewürlik mümkinçilikleri açylar. Meňzeş pikirli adamlary we täze ýaranlary tapmak aňsat bolar. Käbir Seretanlar ozal düşünip bilmedikleri bilen dostlaşarlar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Irden garaşanyňyzdan has köp edilmeli işler bolar we käbirleri gaty gyssagly bolar. Käbir Esetler  çylşyrymly meseleleri  ýeke özi çözmeli we beýlekiler üçin jogapkärçilik çekmeli bolarlar. Bularyň hemmesi sizi aladalandyrar. Emma  has çalt üstünlik gazanarsyňyz asuda we ynamly bolup öz duýgyňyzyň aýdyşy ýaly hereket edersiňiz.Günüň ikinji ýarymy iş okuw we beýleki peýdaly işler üçin amatly bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Kärdeşler bilen gowy gatnaşyklary saklamak aňsat bolmaz ýöne şonda-da synanyşýarsyňyz. Öň hemişe siziň tarapyňyzda bolanlar bilen ownuk-uşak zatlar hakda jedel etmeli däldir. Mundan başga-da şu gün diňe çözgütleri talap edýän meseleleriň üstünde durmak kyn bolar .Emma  ýakynlaryňyz bilen düşünişmek aňsat bolar. Agşam Sünbüleler üçin ýakymly garaşylmadyk wakalar we ýakyn adamyň ykbaly barada alada edýänler üçin hoş habar wada berýär.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Günüň başlangyjy möhüm gepleşikler üçin amatly däl. Daş-töweregiňizdäki adamlar size düşünip bilmezler ownuk zatlarda kemçilik tapyp bilerler we gaty gödek sözler aýdyp bilerler. Şeýle-de bolsa çynlakaý dawa-jenjellerden gaça durarsyyňyz . Günüň ikinji ýarymy maşgalada käbir ýakymly wakalaryň we şahsy gatnaşyklaryň gowulaşmagyny wada berýär. Hem dostlukly duşuşyk, hem romantik sene üçin amatly.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Günüň başlangyjy köp synaglary getirer olara garşy durmak aňsat bolmaz. Gyssagly hereketlerden saklanmaga synanyşyň wada bermäge ýa-da möhüm maglumatlary paýlaşmaga howlukmaň. Bu gezek düýbünden täze bir zat etmek üçin amatly däl.Günüň ikinji ýarymy has has netijeli bolar. Wagt ýitirmek islemeýärsiňiz şonuň üçin meýilleşdirişiňizden has köp iş bitirersiňiz. Dostlar we köne tanyşlar islendik pikiriňizi höwes bilen goldar we meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge kömek eder

Kowus (keman 23.11 – 21.12)

Häzirki wagtda optimist bolmak adatdakysyndan has kyn bolar.Diňe emosional fon dartgynly bolar şonuň üçin islendik ownuk-uşak zatlar hakda alada edip bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda oňyn tendesýalaryň täsiri agdyklyk eder adaty gündelik işleriňizi edip bilersiňiz, şeýle hem döredijilik we hyýal talap etmeýän meseleleri çözüp bilersiňiz.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Günüň başlangyjy ýagty we ylham beriji bolar. Bu wagt çalt durmuşa geçirjek ajaýyp pikirler we täze meýilnamalar peýda bolup biler. Uzak wagtlap garşydaşlaryndan üstün çykmak we erbet adamlary ýaragsyzlandyrmak üçin bir mümkinçilik bolar. Günüň ikinji ýarymy köşeşer. Köp Jediler köpden bäri üns talap edip gelýän öý işlerine ünsi jemläp bilerler. Agşam gaty özüne çekiji teklipler getirer we siz ikirjiňlenmän razy bolarsyňyz.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02)

Günüň başlamagy diýseň üstünlikli bolar. Kynçylyklar bolmaz islendik çylşyrymly soraga çalt jogap taparsyňyz. Gowy tarapdan üýtgeşmeler ozal düşünşmedik adamlaryňyz bilen bolmagy ähtimal. Günüň ikinji ýarymy hem sizi begendirer. Bu wagt ýyldyzlar Daluw söýüjileri üçin has amatly bolar. Romantiki sene gowy geçer, ýakyn adamyňyz bilen gatnaşyklar has gyzgyn we ynamly bolar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Dawa-jenjellerden we dartgynly pursatlardan gaça durmak kyn bolar. Bu gün islendik ownuk-uşak zatlara ýiti reaksiýa berip bilersiňiz. Duýgularyňyzy ýeňip geçmegi başarsaňyz diňe siziň üçin möhüm däl çylşyrymly meseleleri çözüp bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymy käbir amaly meseleleri çözmäge gelejek hakda pikir etmäge meýilnama düzmek we ýakynlaryňyz bilen pikir alyşmak üçin amatly bolar. Hiç haçan garaşmadyk goldawyňyzy alarsyňyz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama