SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

24-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  24 -nji  dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar bu gün islendik işde töwekgelçilik edip bilerler. Galyberse-de, käwagt töwekgelçilik zerur hem bolup durýar! Emma töwekgelçilik oýlanyşykly we sebäpli bolmalydyr. Ony aşa köp ulanmaýanlar we özlerini gorap bilýänler üçin bu amatly bolar. Bir söz bilen aýdylanda, şowlulyga umyt ediň, ýöne hüşgär boluň! Bu formuladan ugur alyp, hamallar ýeňişe bil baglap biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün sowurlara uly mümkinçilikler garaşýar! Olaryň Güýji, köpçülige aňsat aralaşmak ukyby sebäpli, islendik ugurda diýen ýaly üstünlik gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri bar. Esasy zat, dawa-jenjel etmezlik we ähli meseleleri birbada çözmäge synanyşmazlykdyr. Sowurlaryň üstünliginiň syry ýönekeý: onlarça meselelerden iň zeruryny saýlap almak we galanlaryna üns bermezden soňuna çykaryp çözmek ukybyndadyr.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Töwekgelçiliklere we başdangeçirmelere ýykgyn edýän jöwzalar ýeňiş gazanyp biler – bu olaryň güni! Elbetde, islendik töwekgelçilikli ädim öňünden hasaplanmalydyr. Ýöne hiç bir hasaplanma ähli faktorlary göz öňünde tutmaz, şonuň üçin-de kämahal özbaşdak, improwizasion hereket etmeli bolarsyňyz! Galan meselelerde gün siziň tarapyňyzda bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Seretanlarda bir öwrülişik bar! Ýakyn wagtda onuň üçin täze gözýetimler we täze ýollar açylar. Şeýle-de bolsa, durmuşdaky üýtgeşmeler diňe seretanlaryň özleriniň çyn ýürekden ymtylmagy, töwekgelçilik etmäge taýyn bolmagy we boş oturmazlygy bilen bagly bolar. Bu ýagdaýda täze iş ýa-da ýaşaýyş jaýyny üýtgetmek ýaly global ädimler hakda pikir edip bilersiňiz. Töwekgelçilikden gorkmaň, sebäbi wagt geçýär, durmuş bolsa bir ýerde durmaýar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetleriň köpden bäri garaşýan bagtly pursaty gelip biler! Bu esetleriň käbir meýilnamalaryny ýerine ýetirmegine ýardam berer. Şeýle-de bolsa, ýyldyzlar esetlere bagtly pursatyň ähli meselelerde kömek edip durmajakdygyny duýdurýarlar. Esetler töwereginde bolup geçýän zatlary üns bilen diňlemelidir, ýogsam hiç zady duýmazdan, şowlulygyny elden gidirer.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Günüň dowamynda sünbüleleriň özüne mahsus bolmadyk zatlary etmeli bolmagy ähtimal. Belki-de, täze, üýtgeşik bir ugur saýlalmaly bolarlar, ýogsam meýilnamalaryň biderek bolmagyna we bozulmagyna sebäp bolar. Sünbüleler haýsydyr bir ýol bilen, gysga wagtyň dowamynda kyn meseleleri çözmeli bolarlar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün mizanlar üçin karýerasy baradaky pikirlerini tertipleşdirmek ýa-da bu ugurda anyk ädimler ätmek üçin amatly gün. Öňe gitmek pikiri bar bolsa, şu gün başlamak amatlydyr. Meýilnama ýok bolsa, mizanlar bu barada gowy pikirlenmeli. Mizanlar üçin bu gün başgalara özleriniň nämelere ukyplydygyny görkezmäge garaşylmadyk bir pursat bolup biler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Işewürlikde, akraplar öňe gitmek üçin bir ädim yza çekilmeli bolup bilerler. Olaryň hereketleri yza çekilişe meňzeýän hem bolsa, käwagt birnäçe ýyllap ýapyk gapyny kakanyňdan wagtlaýyn yza çekilmek has gowudyr. Ýyldyzlar biraz geçirimli bolsaňyz, şowsuzlyklardan dynç alyp biljekdigiňizi wada berýärler. Akraplara hüjüm etmek we öňe gitmek üçin başga-da köp mümkinçilik bolar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslaryň bu gün käbir meselelerde gapma-garşy maglumatlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak mümkinçiligi bar. Her niçigem bolsa, kowuslar näme etmelidigini ýolda kesgitlemeli bolar. Eger-de kynçylyklardan baş alyp çykmagy başarsa, başgalaryň gözünde has ösmegine ýardam berer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Jediler bu gün özüne çekiji teklip alyp bilerler, ýöne oňa derrew razy bolmazlar! Bu hem jedilere özboluşly synag bolmagy mümkin. Başga bir söz bilen aýdylanda, “Ýalpyldawuklaryň hemmesi altyn däldir”. Siz häzir adatdakysyndan has gümanly we ünsli bolmaly.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Günüň dowamynda daluwlaryň meýilnamalary düýpgöter üýtgäp biler. Belki, munuň özi belli bolmadyk sebäplere görä bolup biler, belki-de munuň üçin özleri günäkär bolarlar. Bu bolsa, uýgunlaşmagy we çalt pikirlenmegi talap eder. Daluwlar üstünlik gazansa, islendik üýtgeşmäni öz peýdasyna öwrüp biler! Esasy zat, garaşylmadyk ýagdaýlarda aljyraňňylyga düşmezlikdir.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Hutlar günüň dowamynda özlerini ukusyz duýarlar. Işleri birmeňzeş netijelilik bilen ediň. Gün, olary iň ýönekeý işe-de biperwaýlyga we ýaltalyga meýilli edýär. Şeýle-de bolsa, hutlar ýagdaýy bolşy ýaly kabul etmeli: bedenine we beýnisine arakesme gerek, muňa garşy durmaly däldir. Çünki täze güýç, täze kuwwat bilen işläp başlasaňyz häzirki işlemedikleriňiziň öwezini has köp möçberde dolarsyňyz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama