MEDENIÝET

Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin guralan çäreler Eýranyň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp berildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleri mynasybetli geçiriljek çärelere medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşýar.

Şeýle hem bu dabaralara Eýranyň Medeniýet ministri bilen bir hatarda Yspyhan welaýatynyň häkimi we beýleki resmi adamlar gatnaşdy.

Dabara iki ýurduň milli senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Soňra iki ýurduň medeniýet ministrleri çykyş etdi. Dabarada Tükrmenistan barada wideofilm görkezildi we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen filmleriniň görkezilişi, türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary, şeýle hem türkmen medeniýetine bagyşlanan sergi guralar.

Şeýle hem bu döredijilik çäräsiniň çäklerinde geçiriljek konsert maksatnamasynda Hajy Ýazmämmedow, Begmyrat Annamyradow, Aly Alyýew dagylar çykyş ederler. Şeýle hem sazandalardan Atajan Eýýubow we beýleki tanymal sungat we döredijilik ussatlarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy