Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Höküment münberiniň öňündäki meýdançada, dabaraly ýagdaýda tutuş türkmen halky Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllygyny belledi. Bu dabaralara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.
Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine egindeşleri tarapyndan Arkaly atly ahalteke bedewi sowgat berildi.

Ýerinde gelende bellesek, türkmen halkynyň taryhy müňýyllyklaryň dowamynda ýyndam ahalteke atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýörişe tomaşaçylar milli teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.
