JEMGYÝET

23-nji mart hem dynç alyş güni

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde şu ýyl Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kanuna laýyklykda, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmek göz öňünde tutuldy.

Dowamly dynç alyş bilen baglylykda, ýolbaşçylara ähli häkimliklerde, kärhanalarda we guramalarda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Hukuk goraýjy edaralara hem degişli görkezmeler berildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şeýlelikde, türkmen halky Milli bahar baýramynda – Halkara Nowruz gününde 3 günläp dynç alarlar.

 

21-nji mart Halkara Nowruz güni

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri