Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Egerde araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 23 -nji dekabrdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Kämil meýilnama gerek däldir. Etmeli zadyňyz, instinktleriňize ynanmak we ilkinji ädim ätmek. Ýoluň barşynda hemme zada düşünersiňiz. Bilesigeliji boluň, mowzuga mümkin boldugyça çuňňur çümüň. Zerur gözleglere has köp wagt sarp ediň, bu ugurdaky hünärmenler bilen gürleşiň. Bu diňe bir dünýägaraýşyňyzy giňeltmek bilen çäklenmän, bäsdeşleriňizden has ýokary bolmagynyza ýardam berer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hawa, sowurlar, adamlar hemme zady bilip bilmeýär. Ýalňyşman ýaşaýan adam hem ýok. Ýöne bu diňe erbet zatlaryň boljakdygyny aňlatmaýar. Bu, iň oýlanyşykly meýilnamalaryňyzyň hem birden ýykylyp biljekdigini-de aňlatmaýar. Älemiň siziň tarapyňyzdadygyna, sahnanyň aňyrsynda size uly we ýakymly garaşylmadyk zatlaryň taýýarlanýandygyna ynanmalysyňyz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalara söýgi meselesinde şowlulyklar garaşýar. Bu gün stereotipli pikirlerden dynmagy başarsaňyz, şatlykly geljegiňize täze ädim ädersiňiz, şonda ýan ýoldaşyňyz bilen gatnaşyklar diňe şatlyk getirer we çagalarynyz hem sizi buýsandyrar. Gün ýaşuly nesiller bilen aragatnaşyk üçin amatly. Ene-atalaryň paýhasly maslahaty köpden bäri dowam edýän meseläni çözmäge kömek eder.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Indi daşarky dünýäden rahatlygy talap etmegiň wagty däl. Gözleýän zatlaryňyzyň hemmesi eýýäm içiňizde bar. Üns beriň, seretanlar. Diňe özüňize göz aýlaň. Ýakymsyz ýatlamalar garaşylmadyk ýagdaýda peýda bolup biler. Siz bu gün ruhdan düşüp, hatda umyt bu diňe bir dört harply söz diýip pikir edip bilersiňiz. Göwnüçökgün bolmagyň ýerine özüňize mähirli boluň. Galyberse-de, älem siziň gulagyňyza hemme zadyň göz öňüne getirişiňizden hem has gowy çykjakdygyny aýdýar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Şu gün kimdir biriniň sizi dolandyrýandygyny duýsaňyz, belki şeýledirem. Düşünjäňiz sizi köplenç howply ýagdaýlardan goraýar. Şahsy serhetleriň howpsuzlygyny güýçlendiriň, “ýok” diýmegi başaryň. Käbir esetler häzirki wagtda ajaýyp ylham duýup, bütin dünýäni öz sahnasy ýaly duýup bilerler. Bu gün pursatdan peýdalanmakdan gorkmaň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Sünbüleler, bu gün ýyldyzlar size maddy hal-ýagdaýyňyzyň gowulanmagyny wada berýärler. Karýerany ösdürmegiňiz ýa-da bonuslar mümkin. Emma begenmäge howlukmaň. Gazanan ähli puluňyzy ilkinji günde sarp etmegiň ýerine, ony bir işe maýa goýmak has gowudyr. Peýdaly aragatnaşyk guruň we serişdeleri nädip paýlamalydygyny öwreniň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Gowy maslahatlar we hoşniýetli sözler barada aýdylanda, toparyňyz elmydama size bil baglap bilerler. Siziň iň meşhur geňeşçi bolmaklygyňyz-da geň däl! Ýöne beýlekiler hem özüňiz üçin peýdaly bolmaga ukyplymy? Häzirki wagtda ýyldyzlar ünsüňizi özüňizde jemlemegi maslahat berýärler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Dostlukdan söýgä geçmek seýrek bolýar. Ilki bilen adam hakda köp zat öwrenmeli. Bu siziň bilelikdäki syýahatyňyzy has hem özüne çekiji edýär. Häzir ýüregiňize ynanyň, kelläňize ýol bermäň. Näme bolsa-da, aýagyňyza gonarsyňyz. Birnäçe wagtdan bäri gatnaşykda bolan akraplar täze tapgyra geçip biler.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Söýgüliňiz bu gün sizi begendirer. Kowuslar, siz hem garşysyna jogap bermäge taýyn boluň. Özüňizi dünýäden we ýakynlaryňyzdan çetleşdirmäň. Özüňize ynanmaga taýyn bolsaňyz, bu gün karýeraňyza-da üstünlik getirer. Ene-ataňyza ýa-da garyndaşlaryňyza jaň ediň, ýürekden söhbetdeşlik olara we size peýdaly bolar.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Söýgi bilen erkinlik bilelikde ýaşap bilermi? Başga bir adama eýe bolmaga synanyşman hakykatdanam ideg edip bilerismi? Adamlary bolşy ýaly kabul etmek, köp ugurlarda gatnaşyklaryňyzyň ösmegi üçin iň esasy zatdyr. Bu barada çynlakaý pikirlenmek maslahat berilýär.
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Daluwlar bu gün gaty duýgur bolarlar. Fakty kitaplardaky dünýäden tapawutlandyrmak size kyn bolar. Duýgularyňyza doly çümen wagtyňyz karar bermek gowy pikir däl. Şonuň üçin biraz dynç alyň. Gorkularyňyzyň nireden gelýändigine düşüniň. Duýgy we akyl taýdan sagdyn bolmak häzir has hem zerurdyr.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Näçe köp synanyşsaňyzam, başga bir adam hakynda hemme zady bilip bilmersiňiz. Kimdir biriniň kellesinde aýlanýan pikirlere hiç wagt doly girip bilmersiňiz. Özbaşdak karar bermegiň, netije çykarmagyň ýerine göni sorag beriň. Häzirki wagtda sizden düýpgöter dogruçyllyk talap edilýär.