Hormatly okyjylarymyz!
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Günlük täleýnama bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin, 23-nji dekabrdaky ýyldyzlaryňyza görä täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Sowuklamanyň ýüze çykmagy we dowamly keselleriň güýçlenmegi mümkindir. Iýmitlenişiňize üns beriň, tebigy iýmitleri iýiň we miweli şireleri içiň. Ýakymsyz habarlar sizi gynandyryp biler. Haýwanlar bilen aragatnaşyk saklamak köp hamallara duýgularda we pikirlerde deňagramlylygy we sazlaşygy dikeltmäge kömek eder. Haýwanlaryň hatda käbir keselleri hem bejerip bilýändigi mälimdir.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Dostlaryňyzyň maddy kömegi gerek bolar. Karz almakdan gorkmaň we alada etmäň – bu wagtlaýyn kynçylyklardyr. Häzirki wagtda esasy zat, rahatlygy saklamak we içki dünýäni mümkin bolan ýakymsyz, garaşylmadyk ýagdaýlardan goramakdyr. Ýakyn geljekde maliýe girdejileriniň, duýgularyň deňagramlylygynyň, işe döredijilikli çemeleşmegiň we emosional ösüşiň bolmagy mümkindir.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Özüňizi has tankytlaň, duýgularyňyzy, pikirleriňizi we hereketleriňizi tertipläň. Şahsy durmuşyňyzy gowulaşdyrmak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanyň. Gaty işjeň bolmaň, sebäbi bu siziň abadançylygyňyz üçin erbet bolup biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün syýahat etjekler üçin amatly. Bu gün optimizm we bagt bilen tapawutlanar. Özüňizi alyp barşyňyzyň çäginden biraz çykmak maslahat berilýär, ýöne ýörelgeleriňizi we garaýyşlaryňyzy üýtgetmeli däl. Daş-töweregiňizdäki adamlaryň ak ýürekliliginde şübhelenmäň. Günüň ikinji ýarymynda garaşylmadyk maşgala dawasy gaty ähtimal.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetleriň intellektual durmuşy janly we anyk bolar. Sizde düýş görmek, filosofiki pikirlenmek meýli bolar. Siz ýakyn adamlaryňyzyň ruhlaryny galkyndyryp bilersiňiz. Başarnyklaryň doly ösmegi daş-töweregiňiziň size bolan hormatynyň has-da artmagyna getirer.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Maliýe ýagdaýynda kynçylyklar gaty ähtimal, şonuň üçin gyssagly ýagdaýlarda ätiýaçlyk saklamak iň gowusydyr. Ýaşuly maşgala agzalary bilen gapma-garşylyklar bolup biler. Sabyrly, asuda bolmaga synanyşyň. Kynçylyklardan çykmagyň ýoly barada pikir ediň. Günüň ahyrynda nerw dartgynlygy bolup biler.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Adamlar bilen duşuşmak, täze ýerlere baryp görmek we syýahat etmek üçin amatly gün. Size indi öňküsinden has täze täsirler gerek. Bu gün töweregiňizdäki adamlar bilen aragatnaşyk size köp gowy duýgulary getirer. Duýgurlygyňyz, düşünjäňiz we öňdengörüjiligiňiz artar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün gymmatlyklaryň täzeden bahalandyrylmagyna sebäp boljak wakalar bilen tapawutlanar. Maddy üstünlikler ruhy islegler bilen deňeşdiriler. Içki üýtgeşmeleriňize ünsi jemläp bilersiňiz. Bu gün gören düýşüňiziň amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Özüňizi alyp barşyňyzy öňünden aýdyp bolmaýar. Karýeraňyzda we işiňizde aşa emosional bolmaň, seresap boluň. Özüňizi eliňizde saklamagy başaryň. Göriplik etmäň. Gaharlanmak bu gün siziň işleriňiziň şowsuz bolmagyna getirer.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün daşarky aladalardan daşlaşmak duýgusy bilen tapawutlanar. Bu ýagdaýda köp zatlara asuda we bitarap baha berip, möhüm kararlara gelip bilersiňiz. Ýakyn adamlar ýa-da kärdeşler hakda nägileligiňiz bar bolsa, olary gowy pikirlenip, soň ýuwaşlyk bilen ara alyp maslahatlaşmak maslahat berilýär. Bu gün döredijilik bilen meşgullanýan hutlaryň üstünlik gazanmak ähtimallygy ýokarydyr.