BIZNES

Türkmenistan bilen Pakistan ulag we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Pakistanyň federal söwda we senagat ministri Gohar Ejaz bilen duşuşdy.

Pakistanyň Söwda ministrliginiň berýän maglumatyna görä, duşuşykda söwda ýollary we demir ýol arabaglanyşyklary, gaz geçirijileri we üstaşyr söwda ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara peýdaly infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiligini nygtadylar.

Pakistan bilen Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny berkitmek we sebit ýurtlarynyň arasynda ykdysady integrasiýany güýçlendirmek barada ylalaşdylar,

Ministr bu duşuşygyň Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädimdigini aýtdy. Söwda ýollaryny açmak we işewür gatnaşyklary giňeltmek biziň esasy wezipämizdir, diýip ministr belledi.

Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde pakistan kompaniýalaryny akylly Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy. Pakistandan gurluşyk materiallaryny we enjamlaryny satyn alynmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, federal ministr Pakistanyň Türkmenistanda geçirilýän sergi çärelerine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder