Türki dünýäsiniň köp asyrlyk medeni aýratynlygyny görkezýän we gadymy edebi mirasy bolan “Gorkut ata” bagyşlanan XXVII halkara medeniýet we sungat festiwaly 2023-nji ýylyñ 17-23-nji iýuly aralygynda Türkiýäniñ Baýburt şäherinde geçiriler. Türki dünýäsiniň beýik şahsyýetini hatyralap geçiriljek dabara müňlerçe ýerli we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşar.Gorkut atanyñ naýbaşy eserlerinden biri bolan «Gorkut ata» dessanynda beýan edilen gahrymançylykly hekaýalar häzirki wagtda hem Türki medeniyetiniñ we taryhynyñ aýrylmaz bölegi bolup durýar.Rowaýata görä Gorkut atanyñ gubury Baýburtda ýerleşýär. Munuñ bilen baglylykda, 1994-nji ýyldan bäri her ýyl Baýburtda iýul aýynyň üçünji hepdesinde “Gorkut ata we sungat” atly halkara festiwal gurnalýar. Esasanam türk dünýäsinde uly gyzyklanma döredýän bu dabara Baýburtda geçirilýän iň möhüm medeni çäreleriñ birine öwrüldi.
Türki dünýäsini bir ýere jemleýän baýramçylyk dabaralary
Festiwal Masat obasyndaky Gorkut ata guburyna baryp görmek bilen başlanýar. Gorkut atanyñ ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen uly ähmiýete eýe bolan festiwalda naýza oýunlary, ýerli tagamlary hödür etmek, surat we senetçilik sergileri, konsertler, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary, şygyryýet güni, ylmy maslahatlar we köp sanly jemgyýetçilik we medeni çäreler geçirilýär.Halkara festiwala Türkiýäniñ ähli künjeginden we Türki döwletlerden halk tans toparlary, suratkeşler we akademikler gatnaşýar. Bir hepde dowam edýän dabara bu ýyl takmynan üç ýüz müň ýerli we daşary ýurtly gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşylýar.Türki dilde gepleýän ýurtlarda birleşdiriji faktor bolan Gorkut atanyñ edebi mirasy 2018-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilik sanawynda mynasyp orun eýeleýär.