Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün işleriňizi tertipleşdirmek üçin amatly gün. Öňden galan meseleleriňizi ýuwaşlyk bilen çözmek size içerki rahatlyk getirer. Iş ýeriňizde jogapkärçiligiňizi çözüp üstünlik gazanyp bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda bolsa şahsy durmuşda duýgularyňyzy aç-açan beýan etmek gatnaşyklary has-da berkitmäge kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Maliýe meselelerinde seresap bolmak maslahat berilýär. Gerekmejek çykdajylardan saklanyp, geljek üçin tygşytlamak peýdaly bolar. Iş ýüzünde sabyrlylygyňyz we yzygiderliligiňiz ýolbaşçylaryň ünsüni çeker. Maşgala agzalary bilen aragatnaşykda mähirli bolmaga çalyşyň.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün täze pikirler we gyzykly teklipler bilen baý bolar. Aragatnaşykda işjeňlik görkezmek size peýda getirer. Resmi duşuşyklar we gepleşikler üstünlikli geçip biler.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Duýgurlygyňyz bu gün has güýçli bolup biler. Işleriňizi ýürekden däl-de, akyl bilen çözmek has dogry bolar. Maşgala bilen bagly meselelerde düşünişmek möhüm ähmiýete eýedir. Güniň ikinji ýarymynda saglygyňyza üns berip, dynç almaga wagt tapyň.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Deňagramlylyk bu günüň esasy şygarydyr. Iş we şahsy durmuş arasynda dogry sazlaşygy tapmak möhümdir. Resminamalar bilen bagly işleriňizde oňyn çözgütleri tapyp bilersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda gatnaşyklaryňyzda açyklyk we ynam artar.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Möhüm kararlary kabul etmek zerurlygy döräp biler. Duýgulara däl-de, ýagdaýy seljerip hereket etmek maslahat berilýär. Iş ýeriňizde gizlin bäsdeşlik duýulsa-da, siz öz pozisiýaňyzy saklap bilersiňiz.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün täze maksatlardyr meýilnamalar barada pikirlenmek üçin amatlydyr. Syýahat ýa-da okuw bilen bagly pikirler ýüze çykyp biler. Işde döredijilikli çemeleşme üstünlikleri getirer. Şahsy durmuşyňyzda bolsa, aç-açan söhbet peýdaly bolar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jogapkärçilikli we işjeň gün sizi garaşýar. Zähmetiňiz bahalandyrylyp, gowy netijeler gazanyp bilersiňiz. Maliýe taýdan öňe gidişlik ähtimallygy bar. Maşgala bilen baglanyşykly meselelerde paýhasly boluň.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Täze pikirler we garaşylmadyk teklipler sizi begendirer. Iş ýeriňizde topar bilen hyzmatdaşlyk etmek has oňat netijeleri berer. Dostlaryňyz bilen gatnaşyklarda hoş habarlary almak mümkin. Emma wadalary bermekden seresap boluň.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Bu gün içki dünýäňize üns bermek möhümdir. Döredijilikli we ruhy işler size lezzet berer. Iş ýeriňizde ownuk kynçylyklardöräp biler, emma ähli zdy sabyr bilen ýeňip geçersiňiz.Güniň ikinji ýaarymynda dynç almak we özüňize wagt tapmak peýdaly bolar.
