SIZDEN GELENLER

21-nji mart Halkara Nowruz güni

     Baharyň gelmegi bilen tebigatyň janlanmagy, daş-töweregiň al-ýaşyl dona bürenmegi parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklaryny alamatlandyrýan   baýramçylygyň – Halkara  Nowruz gününiň ýakynlaşyp gelýändigini görkezýär.

2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde 21-nji mart Halkara Nowruz güni diýip yglan edildi. Milletler Guramasy bu baýramçylygyň halklaryň arasyndaky parahatçylygy pugtalandyrmak bilen bir hatarda, dünýä döwletleriniň arasyndaky ylalaşygy, dost-doganlygy, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has hem berkemegi üçin esas bolýan dabara hökmünde giňden bellemäge çagyrdy.

2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda  Birleşen Milletleriň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär.

Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni köp öwüşginli dabaralara beslenip gelýär. Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda her ýyl gadymy baýramçylygyň däpleri täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.  Täzelenişe we döredijilige, parahatçylykly durmuşa höweslendirýän baýramyň özboluşly tagamy bolan – semeni hem-de dürli türkmen milli naharlary taýýarlanylýar. Semeni taýýarlanylýan gök bugdaý otunyň dünýädäki iň beýik nyşany ilkinji gezek 2019-njy ýylda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde guruldy.

Nowruz gadymdan gelýän baýramçylyklaryň biri bolup, onuň döränine 4000 ýyl, käbir maglumatlara görä, 5000 ýyldan köpräk wagt geçipdir.  Nowruz söziniň köki “now” sözinden gelip çykyp,  täze gün diýen manyny berýär.

Mart aýynyň 21-nden 22-ne geçilende, gije-gündiziň deňleşýän pursaty bolan Nowruz  baýramy ilki bilen Yrakda bellenilip başlanandygy käbir çeşmelerde bellenilip geçilýär, şol gün Dežle (Tigr) we Ýewfrat derýalaryna suw gelýän ekeni. Suwuň gelmegi bilen ýere jan girip, tebigat al-ýaşyl dona bürenipdir.

“Türkmenistan – halkara  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda başlanan 2021-nji ýylda ýurdumyzda Halkara Nowruz güni mynasybetli ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin dürli tagallalar  edilýär. Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, oba hojalyk önümleriniň we dokma pudagynyň harytlarynyň sergilerini guramak meýilleşdirilýär.

Asyrlar we müňýyllyklar geçýär, ýöne taryhy sepgitlerden geçen bu baýramçylyk biziň günlerimizde hem türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Ol öçmejek merjen bolmagynda galmak bilen, bize gözellik we hoşniýetlilik duýgularyny peşgeş bermegini dowam edýär.

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

 

Howanyň üýtgemegine gaşy göreşmek boýunça tegelek stol duşuşygy geçirildi

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika