BIZNESJEMGYÝET

20,7 million tonna türkmen nebiti eksport edildi

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň energetika ministrleriniň 4-nji duşuşygy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň resmi internet saýtynyň habaryna görä, Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri Parwiz Şahbazow soňky 3 ýylyň dowamynda 20,7 million tonna türkmen nebit we nebit önümleriniň, şeýle hem geçen ýyl 106 müň tonna gazak nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi arkaly dünýä bazarlaryna iberilendigini belledi.

Mundan başga-da, ol Günorta gaz geçelgesiniň sebitiň energetika integrasiýasynda möhüm orun degişlidigini belledi. Ol 2,5 milliard kubmetr tebigy gazyň türk sarp edijiler üçin TANAP gaz geçirijisi, 2,8 milliard kubmetr tebigy gazyň TAP gaz geçirijisi arkaly ýewropaly sarp edijilere iberilendigini belledi.

YHG-nyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur guramanyň geljek on ýylda agza döwletleriň umumy energiýa balansynda “ýaşyl energiýanyň” paýyny artdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky maksatlary barada çykyş etdi.

Süleýmanpur arassa energiýa merkezini döretmek üçin YHG/ Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) bilelikdäki taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem bu merkeziň tutuş dünýäni gurşap alýan “Sebitleýin durnukly energiýa merkezleriniň global tory” üçin geljegi uly elemente öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Duşuşykdan soň ÝHG-nyň çäginde energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen “Baku jarnamasy” kabul edildi. Resminama guramanyň agza döwletleriniň arasynda çig nebit, tebigy gaz, nebithimiýa we nebit önümleri bilen üpjün etmekde, elektrik torlarynyň döredilmeginde, elektrik energiýasynyň sebitleýin söwdasynda, arassa energiýa çeşmelerinde, energiýa netijeliliginde giň özara hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

 

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçiriler

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri