SPORT

2030-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finaly Madridde geçiriler

2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy Madrid şäherindäki “Santýago Bernabeu” stadionynda oýnalar. Bu barada “Marca” gazeti habar berýär,

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) munuň iň gowy çözgüt boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2030-njy dünýä çempionaty 6 ýurtda geçiriler. Bäsleşigiň esasy ýer eýeleri Ispaniýa, Portugaliýa we Marokko.

Çempionatyň ilkinji 3 duşuşygy Argentinada, Paragwaýda we Urugwaýda geçiriler.

Şeýlelikde, ilkinji gezek dünýä çempionty birbada 6 döwletde, iki aýry yklymda geçiriler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady