SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2026;Hepdelik täleýnama (12-nji -18-nji ýanwar )

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Sizi amatly we netijeli hepde garaşýar. Emma bu hepdäniň açýan mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin tutanýerlilik we batyrgaýlyk zerur bolar. Şowlylyk hemişe öz-özünden gelmeýär, ýöne zähmet çekmäge taýýar bolsaňyz, maksadyňyza ýetersiňiz.Peýdaly ylalaşyklar, girdejiniň ep-esli artmagy ähtimal. Hamallar maliýe bilen bagly meseleleri üstünlikli çözerler, geljegi bolan taslamalara maýa goýarlar, şowly satyn almalary amala aşyrarlar. Täze başlangyçlar oňyn netije berer.Hepdäniň ikinji  ýarymynda hünär bilen bagly çylşyrymly meseleleri çözmeli, jedellerde öz bähbitleriňizi goramaly bolarsyňyz. Käbir hereketleriňiz we sözleriňiz daş-töweregiňiz tarapyndan dogry bahalandyrylmazlygy mümkin. Hepdäniň ahyrynda  bolsa kärdeşler, işewür hyzmatdaşlar we ýakyn adamlar bilen düşünişmek has aňsatlaşar. Adamlar bilen näçe gowy gatnaşyk saklasaňyz, döredijilik mümkinçilikleriňizi durmuşa geçirmek üçin şonça-da köp ýol açylar.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Hepdäniň başy Sowurlar üçin örän amatly bolar. Köp çylşyrymly meseleler çözüler, möhüm işler üstünlikli ýerine ýetiriler. Bilimiňiz we başarnyklaryňyz öz ornuny tapar, hünär ussatlygyňyzy görkezmäge mümkinçilik dörär. Dogry hereket etseňiz, karýerada ösüş uzak garaşdyrmaz. Bu döwür täze iş gözlemek, geljeki hyzmatdaşlar bilen duşuşmak, işgärler bilen bagly meseleleri çözmek üçin amatlydyr. Möhüm kararlara howlukmaň, size doly laýyk gelmeýän teklipleri kabul etmäň.Hepdäniň ikinji ýarymynda kynçylyklar ýüze çykyp biler, zerur netijelere çalt ýetmek aňsat bolmaz. Gyzyksyz we ýadaw ediji işler bilen meşgullanmaly bolarsyňyz. Jedellerden gaça durmaga, daş-töweregi binjalyk edýän çylşyrymly meseleleri ara alyp maslahatlaşmazlyga çalşyň.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Hepdäniň başy Jöwzalar üçin amatly bolar. Çylşyrymly meseleler üstünlikli çözüler, möhüm işler ýokary derejede ýerine ýetiriler. Bilimiňiz we başarnyklaryňyz zerur bolar, hünär ussatlygyňyzy görkezmäge mümkinçilik taparsyňyz. Dogry hereket edilse, karýerada ösüş mümkin. Bu wagt  täze iş gözlemek, hyzmatdaşlar bilen duşuşmak, işgärler bilen bagly meseleleri çözmek üçin amatly döwürdir. Möhüm kararlara howlukman çemeleşiň, size laýyk gelmeýän teklipleri kabul etmäň.Hepdäniň ikinji ýarymynda kynçylyklar ýüze çykyp biler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Hepdäniň başy netijeli geçer, hünär taýdan üstünliklere ýetip, şahsy meseleleri çözmek mümkin bolar. Täze pikirler dörär, emma olary durmuşa geçirmekden öň  başlanan işleriňizi  tamamlamak maslahat berilýär, hatda geljegi ýok ýaly görünýän işleri hem. Bilimi giňeltmäge, täze peýdaly zatlary öwrenmäge mümkinçilik bola.Adamlar bilen aňsat düşünişersiňiz, hatda size garşy  bolanlar bilen hem.Hepdäniň ikinji ýarymynda maksatlaryňyzy we ileri tutýan  ugurlaryňyzy  täzeden gözden geçirmeli bolar. Käbir Seretanlar ýakymsyz we ýadaw ediji işler bilen meşgullanmaly bolarlar. Ujypsyz maliýe ýitgileri, şowsuz satyn almalar ähtimal. Adamlar bilen gatnaşyklar dartgynly bolup biler, özüňizi ele almagy we jedellerden gaça durmagy ýatdan çykarmaň.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu hepde köp zady ýetişdirmeli bolarsyňyz. Möhümi  özbaşdak hereket etmek, başgalaryň täsirine düşmezlik, tebigy bolmak we sizi hakykatdan gyzyklandyrýan işler bilen meşgullanmakdyr. Döredijilik ukyplaryňyz we tebigy başarnyklaryňyz aýdyň ýüze çykar.Işewür gatnaşyklarda seresap bolmak möhümdir. Size basyş edýän, islemeýän zadyňyza mejbur etjek bolýan adamlar bilen gatnaşygy azaltmak maslahat berilýär. Özbaşdak iş has netijeli bolar, bilelikdäki taslamalar bolsa uly netije bermän biler.Hepdäniň ahyrynda  başgalara peýdaly bolmak islegi dörär. Köp Esetlere  gyzykly iş teklipleri gelip biler.

 Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Tapawutly pikirlenmek we maksada okgunlylyk size uly peýda getirer. Bu häsiýetler arkaly ähli kynçylyklary ýeňip geçip, möhüm üstünliklere ýetersiňiz. Siz güýçli, bäsleşmekden gorkmaýarsyňyz, ýeňiş gazanmak ähtimallygy ýokary.Üstünlikleriňiz käbirlerini haýran galdyrar, käbirlerinde bolsa gabanjaňlyk döreder, emma hiç kim size päsgel bermäge het edip bilmez. Täsirli adamlaryň goldawyny almak mümkin. Ylalaşyklar baglaşmak üçin amatly döwür, ýöne olaryň hukuk taýdan dogrulygyna üns bermek zerurdyr.Hepdäniň ahyrynda maşgala içinde düşünişmezlikler bolup biler, emma özüňizi ele alsaňyz, uly jedellerden gaça durarsyňyz.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu hepde aňsat geçmez. Köp päsgelçilikleri ýeňip geçmeli, synaglardan geçmeli bolarsyňyz. Käwagt amatly şertler üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer, emma köplenç kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Hepdäniň ikinji ýarymynda maksadyňyz örän möhüm bolsa-da, şübheli usullara ýüz tutmaly däldigini unutmaň. Synaglara garşy durmak kyn bolar, emma paýhasly bolsaňyz  ýeňiş gazanarsyňyz.
Şahsy durmuşda düşnüksiz ýagdaý dörär. Ähli zady aýdyňlaşdyrýançaňyz howlukmaň.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Hepde umytly başlanar. Täze, hatda örän kyn meseleleri çözmäge höwes bilen girişersiňiz we olary başgalardan has çalt ýerine ýetirersiňiz. Adaty däl çözgütler üstünlik getirer.Täze hyzmatdaşlary  ýaranlar tapmak, hatda romantik gatnaşyklaryň başlanmagy ähtimal.Wagtyň geçmegi bilen ýeke galmak islegi artar. Hepdäniň ikinji ýarymynda özbaşdak iş has netijeli bolar. Tassyklanmadyk maglumatlara bil baglamaň sizi aldamaklary mümkin.Hepdäniň ahyryna çenli köp meseleleri çözmek köne gatnaşyklary dikeltmek düşünişmezlikleri aradan aýyrmak mümkin bolar.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu hepde köp zähmet çekmeli bolarsyňyz. Islenýän zatlar seýrek ýagdaýda aňsat gazanylýar. Ýagdaýy dogry bahalandyrmak üçin wagt gerek bolar.Ýakynlaryňyz  bilen gatnaşyklar durnuksyz bolar, jedeller köpelip biler. Hepdäniň ikinji  ýarymynda işewür şahsy gatnaşyklary azaltmak maslahat berilýär. Sizi tankyt edýän  adamlardan uzak duruň.Hepdäniň ahyrynda hatda adaty işler hem ýokary ünsi  talap eder. Ýalňyşmak ähtimallygy ýokary, şonuň üçin resminamalar, maliýe we emläk bilen bagly meseleleri soňa goýmak has dogry bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Hepdäniň başynda uly üstünliklere ýetmek mümkin. Çylşyrymly işler aňsat ýerine ýetiriler, gyzykly çäreler köp bolar. Köpçülikleýin çykyşlar üstünlikli geçer, diňleýjileriň ünsüni aňsatlyk bilen özüňize çekersiňiz. Maşgala içinde düşünişmek aňsat  bolar.Hepdäniň ikinji ýarymynda kynçylyklar ýüze çykyp biler. Käbir sözleriňiz we hereketleriňiz ýakynlaryňyza ýaramaz täsir eder. Kärdeşleriňiz bilen düşünişmek kynlaşyp, güýçli garşydaşlaryň peýda bolmagy mümkin.Şeýle-de bolsa, özbaşdak işlän ýagdaýyňyzda hünär taýdan ýokary netijelere ýetmek mümkin.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu hepde, esasan hem köp adam bilen gatnaşykda bolýanlar üçin, aňsat bolmaz. Adamlar bilen düşünişmek kynlaşar, hatda gowy tanaýanlaryňyz bilen hem. Kimdir biri sizi dolandyrmaga synanyşyp biler  seresap boluň. Özüňize daşyňyzdan  seretmek, hereketleriňizi saýhalamak  peýdaly bolar.Jedeller mümkin, käwagt olaryň sebäbi özüňiz hem bolup bilersiňiz. Hepdäniň ahyrynda ýagdaýlar  gowulaşar, öňki maksatlaryňyza  ýetmek mümkin bolar. Maşgala gatnaşyklary hem gowulanar.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Işjeňlik peseler, peýdaly işler bilen meşgullanmak kyn düşer. Käbir Hutlar  tiz ýadarlar, käbirlerinde dowamly keseller güýçlenip biler. Keýpiňiz üýtgäp durar, ownuk zatlar hem sizi binjalyk edip biler. Emma wagtyň geçmegi bilen güýç dikelip, işler sazlaşar. Öz-özüňe ideg etmek sport bilen meşgullanmak möhüm rol oýnar.
Wagtyňyzy  dogry alyp barmak  we ileri tutýan  ugurlaryňyzy  kesgitlemäge  köp meseleleriňizi çalt çözmäge   kömek eder. Işleriňiz  sebäpli şahsy meýilnamalaryňyzy biraz  soňa goýmak zerur bolup biler.
Adamlar bilen düşünişmek käwagt kyn bolar, sebäbi özüňiz hem näme isleýändigiňizi anyk bilmezsiňiz. Şeýle-de bolsa, daş-töwerekdäkiler siziň keýpiňize uýgunlaşmaga synanyşarlar, şonuň üçin uly jedeller bolmaz.

Ýene-de okaň

13-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

10-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

09-njy Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

08-nji Ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama