Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Geljekki hepde Hamallar üçin tertip-düzgüniň we jogapkärçiligiň artmagy bilen häsiýetlener. Işjeňlik ulgamynda täze we garaşylmadyk wezipeler ýüze çykyp, çalt uýgunlaşmagy talap edip biler. Şeýle ýagdaýlarda howlukmaç karar kabul etmekden saklanmak zerurdyr, sebäbi ähli zady tiz kabul etmek ýalňyşlyklara getirip biler. Maliýe meseleleriňizde seresaplylyk maslahat berilýär, esasanam meýilleşdirilmedik çykdajylardan gaça durmak möhümdir. Şahsy durmuşda sabyrlylyk we özara düşünişmek maslahat berilýär.Şeýle hem açyk we asuda gürrüňler gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. Bu döwür geljekki maksatlary anyklamak we täze meýilnamalary düzmek üçin amatly hasaplanýar.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowur ýyldyzlary üçin bu hepde durnukly we yzygiderli ýagdaýda geçer. Iş proseslerinde düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar, bu bolsa bar bolan wezipelere has çuňňur üns bermäge mümkinçilik döreder. Işewürlik babatda peýdaly teklipler ýa-da hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ýüze çykyp biler, olary üns bilen seljermek zerurdyr. Maliýe ýagdaýy býujeti meýilnamalaşdyrmak we uzak möhletli maksatlary kesgitlemek üçin amatlydyr. Maşgala durmuşyňyzda asudalyk, ýakynlaryňyzyň goldawy we durnuklylyk saklanar. Hepdäniň ahyry ruhy we fiziki güýçleri dikeltmek üçin amatlydyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Jöwzalar üçin bu hepde işjeňlik we maglumatlaryň artmagy bilen tapawutlanar. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda täze tanyşlyklar we peýdaly aragatnaşyklar ýüze çykyp biler. Iş prosesinda birnäçe mesele bir wagtda ýüze çykyp bilse-de, esasy ugurlary dogry kesgitlemek möhüm ähmiýete eýedir. Şahsy durmuşda ýakynlaryňyzyň duýgularyna üns bermek maslahat berilýär. Hepdäniň ahyry okuw, hünär kämilleşdirmek we intellektual ösüş üçin amatly şertleri döreder.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretan ýyldyzlary üçin bu hepde duýgu taýdan birneme dartgynly bolup biler. Maşgala ýa-da şahsy gatnaşyklar bilen bagly meseleler keýpiňiziň üýtgemegine täsir edip biler. Işde möhüm kararlar kabul edilende we resminamalar bilen işlenende aýratyn seresap bolmak zerurdyr. Diplomatiki çemeleşme köp ýagdaýda oňyn netijeleri berer. Hepdäniň ahyry dynç almak we ruhy deňagramlylygy dikeltmek üçin amatlydyr.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler üçin bu hepde özlerini görkezmek we ýolbaşçylyk häsiýetleriniň ýüze çykmagy bilen bagly mümkinçilikler artar. Işde öňe sürülýän teklipler we täze başlangyçlar ýolbaşçylar tarapyndan ünsden düşmez. Şeýle-de bolsa, artykmaç özüňe bolan ynamdan saklanmak möhümdir. Şahsy durmuşda möhüm gürrüňler we duýguly wakalar bolup biler. Hepdäniň ortasynda maliýe ýagdaýyňyz meýilnamaly hereket edilse, kem-kemden gowulaşar. Hepdäniň ahyry dynç almak we maşgala bilen wagt geçirmek üçin amatlydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Sünbüleler üçin bu hepde tertip-düzgüni berkitmek we jogapkärçiligi artdyrmak bilen häsiýetlener. Iş borçlaryňyzyň köpelmegi mümkin, emma bu ýagdaý geljekde oňyn netijeleri getirip biler. Ozal başlan işleriňizi tamamlamak we resminamalary düzgünleşdirmek üçin amatly döwürdir. Şahsy gatnaşyklarda düşünişmegi pugtalandyrmak üçin has ýumşak çemeleşme maslahat berilýär. Maliýe meselelerinde, aýratyn-da iri satyn almalarda, ünsli bolmak zerurdyr.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin bu hepde deňagramlylygy saklamak we ylalaşykly çözgütleri tapmak bilen geçer. Işde gepleşikler, maslahatlar we hyzmatdaşlyk meseleleri öňe çykar.Şahsy durmuşyňyzda açyk gürrüňler arkaly düşünişmek has-da gowulanar.Hepdäniň ahyrynda maliýe meseleleriňizde töwekgelçiliklerden gaça durmak maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akraplar üçin bu hepde ýokary jogapkärçilik we üns jemlenmesini talap eder. Işde dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyp biler, emma dogry dolandyrylan ýagdaýynda olar oňyn netijelere getirip biler. Duýgulary gözegçilikde saklamak aýratyn möhümdir. Hepdäniň ortalarynda maliýe babatda karzlar we uly çykdajylar bilen baglylykda seresaplylyk zerurdyr.Şeýle hem şahsy durmuşda çynlakaý gürrüňler gatnaşyklaryňyzy berkitmäge kömek eder.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu hepde Kowus ýyldyzlary üçin täze mümkinçilikleriň we ösüşiň döwri başlanýar. Okuw, hünär kämilleşdirmek ýa-da syýahat bilen bagly teklipler ýüze çykyp biler. Işde işjeňlik görkezmek maslahat berilýär, ýöne mümkinçiliklere real baha bermek zerurdyr. Şahsy durmuşda dogruçyllyk we açyklyk esasy orun tutar. Hepdäniň ahyrynda maliýe ýagdaýyňyz durnukly saklanyp bilner.Şeýle hem geljek üçin meýilnamalary düzmek üçin amatlydyr.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jediler üçin bu hepde zähmet we tertiplilik bilen häsiýetlener. Işde kyn we jogapkärçilikli wezipeler ýüze çykyp biler. Sabyrlylyk we yzygiderlilik size iş üstünliklerini getirer.Hepdäniň ahyrynda maşgala durmuşyňyzda möhüm meseleler boýunça bilelikdäki çözgütler kabul edilip bilner. Şeýle hem maliýe ýagdaýyňyz gözegçilikde saklanylar.Bu wagt uzak möhletli maksatlary kesgitlemek üçin amatly döwürdir.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluw ýyldyzlary bu hepde adaty däl ýagdaýlar we täze pikirler bilen tapawutlanar. Meýilnamalaryňyzyň üýtgemegi mümkin, şonuň üçin seresap bolmak zerurdyr. Işde täze şertler tiz uýgunlaşmaga üstünlik getirer. Şahsy durmuşyňyzda duýgulary açyk beýan etmek gatnaşyklary pugtalandyrar. Maliýe meseleleriňizde howlukmaç karar kabul etmek maslahat berilmeýär.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hutlar üçin bu hepde asudalyk we içki deňagramlylyk bilen häsiýetlener. Intuisiýanyň güýçlenmegi dogry kararlarykabul etmäge ýardam eder. Işde tejribä daýanmak we bar bolan mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak maslahat berilýär. Şahsy durmuşda ýakynlaryňyza üns bermek we alada görkezmek möhüm ähmiýete eýedir.
