SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

2025;Hepdelik täleýnama (15-nji-21-nji dekabr )

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Geljek hepdede ýagdaýlar hemişe siziň peýdaňyza çözülmez, şonuň üçin ýeňil üstünliklere bil baglamaly däldir. Käbir  Hamallar üçin kyn ýagdaýlaryň ýüze çykmagy ähtimal. Şeýle-de bolsa, durmuş tejribesi we hadysalar döredijilikli garaýyş islendik ýagdaýdan mynasyp çykalga tapmaga mümkinçilik berer.Ýagdaý nähili bolsada, özüňizi ele almaga we üstünlik gazanmak mümkinçiligine bolan ynamyňyzy  saklamaga çalyşyň. Iň dartgynly pursatlarda köne tanyşlaryňyzyň we hyzmatdaşlaryňyzyň maslahatlary aýratyn ähmiýetli bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda saglygyňyza we iýmitleniş düzgüniňize aýratyn üns bermek zerurdyr.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu hepde Sowurlar üçin mümkinçiliklere baý bolup, esasan hem adaty çäklerden çykyp, täze çemeleşmeleri synap görmekden çekinmeýänler üçin üstünlikli bolar. Käbir Sowurlar uzak möhletli meýilnamalaryna täzeden seredip  üstünlik gazanyp bilerler. Käbirleri bolsa özleriniň hakyky maksatlaryny has aýdyň bilerler.Şeýle hem üstünlik gazanmak üçin her bir işe jogapkärçilikli we ölçegli çemeleşmek zerurdyr. Tötänleýin şowuna ýa-da amatly ýagdaýlara bil baglamak maslahat berilmeýär. Maliýe meselelerinde aýratyn seresaply boluň: eger borçnamalary ýerine ýetirip biljekdigiňize doly ynamyňyz ýok bolsa, uly maliýe jogapkärçiligini öz üstüňize almakdan saklanyň.Hepdäniň birinji ýarymy şahsy gatnaşyklarda amatly geçer. Ikinji ýarymynda bolsa ýakyn adamlar bilen düşünişmezlikler we özara nägilelikler ýüze çykyp biler.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu hepde duýgulary dolandyrmak Jöwzalar üçin esasy wezipe bolar. Gapma-garşy wakalary döredýän  kararlary  kabul etmäge itergi berip biler. Duýgulara berlip edilen ädimler soň ökünç döredip biler, şonuň üçin ýagdaýlara has sowukganly çemeleşmek maslahat berilýär. Hepdäniň ikinji  ýarymynda mümkin boldygyça  dynç almaga, aladalary bir gyra goýup, ruhy rahatlyk berýän işler bilen meşgullanmaga çalyşyň.Hepdäniň ahyrynda  meýilnamalaryňyzy anyk kesgitlemäge çalşyň. Ýakynlaryňyz size  köp zatlarda ýardam ederler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Seretanlar üçin bu hepde umuman alanyňda amatly geçer. Çynlakaý alada döredýän ýagdaýlaryň az bolmagy we hadysalaryň oňyn ugurda ösmegi uzak wagtdan bäri goýan maksatlaryňyza ýetmek üçin mümkinçilikleri  döreder. Şeýle hem köp güýç sarp edilen işlerde öňegidişlik gazanarsyňyz. Hepdäniň ikinji  ýarymynda käbir Seretanlar uzaga çeken işewür gepleşiklerini  üstünlikli tamamlap, maliýe taýdan bähbitli teklipleri alyp bilerler. Bu hepde işewür gatnaşyklary berkitmek we täze hyzmatdaşlyklaryň düýbüni tutmak üçin hem amatlydyr.Şahsy durmuşda hem oňyn meýiller duýlar. Ýakymly tanyşlyklar, romantik gatnaşyklaryň başlanmagy ähtimal.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Bu hepde Esetler  üçin birneme çylşyrymly bolup biler. Iş agramynyň artmagy, meýilnamalaryň ýygy-ýygydan üýtgemegi we garaşylmadyk päsgelçilikler goşmaça dartgynlyk döredip biler. Käbir ýagdaýlarda öz güýjüňize bolan ynamyň pese gaçmagy we  aladalar ýüze çykmagy mümkin.Hepdäniň ikinji  ýarymynda aragatnaşykda sabyrly we paýhasly bolmak zerurdyr. Dawa-jenjellerden gaça durmak, ýiti ýagdaýlary ýumşatmak we ýakyn adamlar bilen gatnaşyklary gorap saklamak maslahat berilýär. Ene-ata bolan Esetler  çagalaryna aýratyn üns bermelidirler.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Hepdäniň başy Sünbüleler üçin garaşylmadyk derejede üstünlikli başlar. Ýakymly sürprizler, gyzykly teklipler ýüze çykyp biler. Şeýle-de şahsy durmuşda siziň üçin möhüm bolan adam tarapyndan ilkinji ädimiň ädilmegi ähtimal.Hepdäniň       ikinji ýarymy işewür we dynç alyş maksatly syýahatlar üçin amatlydyr. Gysga syýahatlar diňe bir oňat täsir galdyrman, eýsem täze tanyşlyklaryň döremegine hem ýardam eder.Hepdäniň ahyrynda  bolsa ýagdaýlar birneme çylşyrymlaşyp, garaşylmadyk wakalar ünsüňizi jemlemäge päsgel berip biler. Şeýle-de öý bilen bagly garaşylmadyk çykdajylar ýüze çykmagy ähtimal.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu hepde Mizanlar üçin garaşylandan has tapawutly wakalar bilen tapawutlanar. Meýilnamalary doly ýerine ýetirmegiň we ýagdaýlara görä çalt çözgüt kabul etmegiň zerurlygy ýüze çykar. Maslahat berip biljek adamlaryň az bolmagy sebäpli duýgylaryňyza  bil baglamak zerur bolar. Şeýle hem täze işler we goşmaça jogapkärçilikler ýüze çykyp, käbir wekillerden artykmaç işlemek talap edilip bilner. Şeýle-de gündelik tertibi üýtgetmek we käbir meýilleşdirilen duşuşyklardan ýüz öwürmek zerurlygy döräp biler.Şahsy gatnaşyklarda ownuk düşünişmezlikler bolmagyna garamazdan, çynlakaý dawa-jenjelleriň öňüni almak mümkin bolar. Hepdäniň soňky günleri köne gatnaşyklary dikeltmek üçin amatlydyr.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Hepdäniň başy Akraplar üçin wakalara baý bolar. Işleriň meýilnama boýunça gitmeýändigi alada döredip biler, esasan hem ýaş wekiller üçin duýgularyny dolandyrmak kynlaşar. Şeýle-de bolsa, tejribeli Akraplar ýagdaýy has aňsat kabul edip bilerler.Gysga wagtdan ýagdaýlar gowulaşyp, täze mümkinçilikler açylar. Hepdäniň ikinji ýarymy aragatnaşyk üçin örän amatly bolar. Işewür, dostluk we romantik duşuşyklar oňyn geçer, gyzykly teklipler we ýakymly sürprizler bolup biler.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu hepde howlukmazlyk Kowuslar üçin esasy şertleriň biri bolar. Pikirlenilmedik kararlar we howlukmaç ädimler islenilmeýän netijelere getirip biler. Şonuň üçin ýagdaýy üns bilen seljermek maslahat berilýär.Işewür gatnaşyklarda saýlap-seçiji bolmak zerurdyr. Täze hyzmatdaşlyklarda ygtybarlylyga aýratyn üns beriň. Şeýle-de maliýe taýdan töwekgelçilik etmekden saklanyň. Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşda dawa-jenjellerden gaça durmak möhümdir. Hoşniýetli we sabyrly çemeleşme parahatçylygy saklamaga kömek eder.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Hepdäniň başy Jediler  üçin synagly geçer. Çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmäge we käwagt başgalaryň meselelerine artykmaç üns bermäge mejbur bolarsyňyz. Şeýle ýagdaýlarda öz ýörelgeleriňize we maksatlylygyňyza wepaly galmak aýratyn möhümdir.Hepdäniň ikinji ýarymy has rahat geçer. Iş agramy azalyp, täze pikirleriň döremegi mümkin.Şeýle-de bu döwür aragatnaşyk, täze hyzmatdaşlyklaryň we dostluklaryň döremegi üçin hem amatly bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu hepde Daluwlar üçin duýgulary dolandyrmak möhüm ähmiýete eýe bolar. Iş bilen bagly ownuk kynçylyklar gereksiz alada döredip biler, emma ýagdaýlaryň aslynda beýle agyr däldigini ýatda saklamak möhümdir.Hepdäniň dowamynda oňyn meýiller barha güýçlener. Adaty bolmadyk adamlar bilen duşuşyklar täze tejribeleri öwrenmek üçin mümkinçilikler peýda bolar. Täze zatlary synap görmekden gorkmaýan Daluwlar durmuşynda möhüm üýtgeşmeleriň başlangyjyny görerler.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu hepde Hutlar  möhüm we jogapkärli işler bilen meşgullanmaly bolarlar. Köne tanyşlaryň goldawy esasy kararlary kabul etmekde size ýardam eder. Hepdäniň başynda köp wezipäni bir wagtda çözmek zerurlygy dartgynlyk döredip biler.Hepdäniň ikinji ýarymy has amatly bolup, esasan hem şahsy gatnaşyklarda oňyn üýtgeşmeler peýda bolar. Şeýle hem ýakyn adamlaryňyza üns bermek we aç-açan aragatnaşyk gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

 

Ýene-de okaň

17-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

16-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

15-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

14-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

12-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

11-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama