Çap edilen «Dünýä syýahatçylygy barometri» maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda dünýäde 1,52 milliard halkara syýahatçy hasaba alyndy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 60 million adam ýa-da 4 % köpdür. Bu barada BMG-niň «Täzelikler merkezi» habar berýär.
Bu sanlar pandemiýadan öňki ösüş meýillerine gaýdyp gelnendigini görkezýär we 2009–2019-njy ýyllar aralygynda bellige alnan ýyllyk ortaça 5 % ösüş derejesine golaýdyr. Şeýle netijeler ýokary isleg, uly bazarlaryň durnukly ösüşi hem-de Aziýa we Ýuwaş umman sebitindäki akymyň dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem howa gatnawlarynyň we wiza hyzmatlarynyň giňeldilmegi 2025-nji ýylda halkara syýahatçylygynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirdi.
Dünýäniň iň uly syýahatçylyk ugry bolan Ýewropada 2025-nji ýylda 793 million halkara syýahatçy hasaba alyndy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4 % köp we 2019-njy ýyldan 6 % ýokarydyr.
2025-nji ýylda syýahatçylykdan gelýän girdejiler rekord derejä – 2,2 trillion dollara ýetdi. Marokkoda (19 %), Koreýa Respublikasynda (18 %), Müsürde (17 %), Mongoliýada (15 %), Ýaponiýada (14 %), we Latwiýada (11 %) durnukly ösüş hasaba alyndy.
2026-njy ýylda halkara syýahatçylygyň 2025-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3–4 % artmagyna garaşylýar.
Şeýle hem 2026-njy ýylda Kanadada, ABŞ-da we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara çäreler hem halkara syýahatçylygyň ösmegine goşant goşar.
