MEDENIÝET

2024-nji ýylyň reňki – şetdaly tüýi

Her ýyl “Pantone” reňk instituty ýylyň esasy reňkini saýlaýar. 2024-nji ýylda şetdalynyň reňki agdyklyk eder. Reňkiň nähili kesgitlenýändigini, adynyň berilýändigini we dünýäde nähili täsir edýändigini hem örän ähmiýetlidir.

“Time” žurnalynyň habar bermegine görä, häzirki çylşyrymly döwürde örän mylaýym şetdaly reňkiniň gyssanman, bir-birimiz hakynda alada etmegi ýatlatmak maksady bilen saýlanyp alyndy.

“Pantone” reňk institutynyň ýerine ýetiriji direktory Leatris Eýsmanyň bellemegine görä, “Peach Fuzz” şetdaly tüýi reňki biziň ýaşaýan pursatymyz üçin dogry reňkdir, köp adamyň kyn günlerde duýup biljek esasy zerurlyklaryny we isleglerini görkezýär.

“Pantone” reňk instituty reňkler babatda dürli ylmy barlaglary geçirip, olaryň täsirlerini öwrenýär. Bu edara reňk çözgütleri babatda pikirleri öňdebaryjysydyr.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy