MEDENIÝET

2024-nji ýylyň “Oskar” baýragyna dalaşgärler belli boldy

Kino sungatynyň iň abraýly sylagy bolan “Oskar” baýraklarynyň 2024-nji ýyl üçin dalaşgärleri belli boldy. “Oppengeýmer” we “Barbi” filmleri bu gezek abraýly baýrakda dürli ugurlarda öňe çykdy. Krsitofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi 13 ugurda, ýagny iň gowy film, iň gowy režissýor we beýleki ugurlarda dalaşgär görkezidli. Şeýlelikde, Robert Daun-kiçisiniň “Oskar” baýragyny gazanmagy ähtimal.

Şeýlelikde, esasy ugurlar boýunça bu abraýly baýraga dalaşgär görkezilenler:

“Iň gowy režissýor”

  • Kristofer Nolan, “Oppengeýmer”
  • Martin Skorseze, «Gül Aýynyň ganhorlary»
  • Ýorgos Lantimos, «Garyplar-betbagtlar»
  • Jonatan Gleýzer, «Gyzyklanma zolagy»
  • Žýustin Trie, «Ýykylmagyň anatomiýasy»

“Iň gowy film”

  • “Oppengeýmer”
  • “Barbi”
  • “Ýykylmagyň anatomiýasy”
  • “Garyplar-betbagtlar”
  • “Ozalky durmuş” Селин Сон
  • “Maestro”
  • “Gyzyklanma zolagy”

“Iň gowy aktrisa”

  • Lili Gladstoun
  • Emma Stoun
  • Keri Malligan
  • Sandra Hýuller
  • Annet Bennig

“Iň gowy aktýor” 

  • Kilian Merfi
  • Pol Jamatti
  • Bredli Kuper
  • Kolman Domingo
  • Jeffri Raýt

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär