MEDENIÝET

2024-nji ýylda görkeziljek täze hindi filmleri

2023-nji ýylda Bolliwud täzeden täze filmleri bilen, hususan-da Bolliwudyň ýyldyzy Şahruh Hanyň 3 sany filmi bilen kino muşdaklaryny begendirdi. Umuman, 2023-ji ýyl Bolliwud hem-de Şahruh Han üçin netijeli ýyllaryň biri boldy.

2024-nji ýylda hem Bolliwudyň meşhur aktýordyr aktrisalary täze filmleri bilen kino muşdaklaryny begendirmegi göz öňünde tutýar. Ritik Roşan, Aliýa Bhat, Akşaý Kumar, Ajaý Dewgan ýaly ençeme ýyldyzlaryň täze filmleri kinoteatrlarda görkeziler.

2024-nji ýylda görkeziljek täze hindi filmleriň sanawy şeýle:

  1. “Göreşiji” (“Fighter”): 2024-nji ýylyň ilkinji uly kinosy bolar. Bu filmde Ritik Roşan, Dipika Padukona we Anil Kapur oýnaýar. Siddhart Anandyň režissýorlygynda surata düşürilen bu filmde harby-howa güýçleriniň uçarmanlarynyň taryhy hem-de olaryň gahrymançylykly durmuşa giňden beýan edilýär. Bu film 25-nji ýanwarda kinoteatrlarda görkezilip başlanýar. 

2. “Suraraý Pottru” täzeden surata düşürilen film:  Bolliwudyň ýyldyzlaryndan Akşaý Kumar baş keşbi janlandyrýar. Bu film tamil dilinde surata düşürildi we kinoda tamilli aktor Suriýa hem surata düşdi. Filmde “Air Dekkan” hindi býujetli awiakompaniýany esaslandyryjy kapitan G.R. Gopithanyň durmuşy esasynda gyzykly wakalar kino muşdaklaryna hödürlener. Film hindi kinoteatrlarynda 16-njy fewralda görkeziler.

3. «Bade Miýan Çote Miýan»: Hereketli filmleri gowy görýän kino muşdaklary üçin ýene-de bir filmleriň biri garaşýar. Bu filmde Akşaý Kumar bilen meşhur hindi aktory Jeki Şroffyň ogly Taýger Şroff surata düşdi. Bu film 2024-nji ýylyň Oraza baýramynda görkeziler.

4. «Auron Meýn Khan Dum Tha»: Bolliwudyň superýyldyzy Adjaý Dewgan “Bhola” atly filminden soňra täzeden surata düşdi. Niraj Pandiniň režissýorlygynda surata düşürilen filmde Tabu, Jimmi Şergil, Majrekar we Şantanu Maheşwari keşpleri janlandyrýar. Film 26-njy aprelde porkata çykar. 

5. «Köçe 2» (Street 2): 2018-nji ýylda ilkinjisi prokata çykan hem komediýa hem-de gorkuly filmleriň sazlaşygyny emele getiren “Koçe” filminiň 2-nji surata düşürildi. Filmiň 2-nji böleginde Şraddha Kapur, Rajkumar Rao, Aparşakti Hurana, Abhişek Banerji we Pankaj Tripati surata düşdi. Film 30-njy awgustda görkeziler. 

6. “Jigra”: Bolliwudyň ýyldyzy Aliýa Bhatt kino dünýäsinda uly üstünliklere eýe boldy. Häzirki wagtda ol ene bolmak bagtyna eýe boldy. Ýaňy-ýakynda ol özüniň täze filmi barada habar berdi. “Wasan Bala” filminiň režissýory bilen “Jigra” filmini surata düşürýär. Filmiň mowzugy entek gizlin saklanýar. Ýöne onuň 27-nji sentýabrda görkeziljekdigi beblenildi. 

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy