Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
2022-nji ÝYLYŇ DÖWLET BÝUJETINE TAÝÝARLYK
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanylan resminamada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de häkimlikleriň degişli hasabatlaryny we maglumatlaryny bermegiň tertibi we onuň möhletleri kesgitlenildi. Ýurdumyzyň anyk mümkinçilikler we maglumatlar esasynda düzüljek baş maliýe meýilnamasy bilen bilelikde, durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlananda, ähli pudaklar boýunça degişli seljerme işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Resminama ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, hususy pudagyň höweslendirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, durmuş düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin, milli pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.