TEHNOLOGIÝA

2021-nji ýylyň iň gymmat awtoulagy

2021-nji ýylyň iň gymmat awtoulagy italiýanyň “Pagani” atly kompaniýasynyň öndürýän “Zonda HP Barchetta” görnüşli awtoulagy boldy. “TopGear” atly neşiriniň habaryna görä, bu awtoulagy satyn almak üçin 17,5 million dollar harçlamaly bolar. Onuň hereketlendirijisi “Mercedes-AMG V12” motory bilen enjamlaşdyrylan. Ulag 800 at güýji bilen ornaşdyrylan we 6 mehaniki geçirisi bar.

Ikinji orunda “Rolls-Royce Sweptai” awtoulagy ýerleşdi. Onuň bahasy 12,8 million dollardan ybarat bolup durýar. Dünýäde ady belli marka bolany üçin ony 4 ýylda ýygnaýarlar. Sanawda görkezilen ähli gymmat awtoulaglar sagatda 100 km tizlige 3 sekuntda ýa-da ondanam az tizlige ýetýän bolsa, bu awtoulagyň tapawudy, aýratynlygy rahatlyk we kaşaňlykdandyr.

Üçünji oruny 1.479 at güýji öndürýän dört silindrli 8.0 litrlik W16 hereketlendirijisi bolan 12,5 million dollarlyk “Bugatti La Voiture Noire” awtoulagy eýeledi. “Bugatti” kompaniýasynyň beýleki görnüşi “Bugatti Centodieci” awtoulagy hem dünýäniň iň gymmat awtoulaglarynyň sanawyna girdi. Bu awtoulag kompaniýanyň 110 ýyllygy üçin bary-ýogy 10 sany öndüripdir. Bu meşhur markanyň önümçilik modelleriniň arasynda iň güýçli hasaplanylýar.

Şwesiýanyň “Koenigsegg” kompaniýasynyň giperawtoulaglary ýörite sargyt boýunça öndürilýär. Bu ýyl müşderiler tarapyndan alynjak iň gymmat awtoulaglaryň sanawyna 4,8 million dollarlyk “Koenigsegg CCXR Trevita” göwher bilen örtülen awtoulag hem girýär. Giperulagda 1.018 at güýji bar we goşa turbo güýçlendiriji 4,8 litrlik V8 enjamlaşdyrylan.

 

 

Gazagystanda ilkinji elektrik beketler gurular

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýada kiçi çagalar üçin sosial torlary gadagan etmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar

Ata Watan Eserleri

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär