DÜNÝÄ

2021-nji ýylyň esasy reňki  belli boldy

Hünärmenler geljek 2021-nji ýylyň esasy reňkini anykladylar. Bu asuda açyk gök reňki boldy, başgaça onuň ady “Y354 Kumulus” diýlip atlandyrylýar. Bu reňk geljege rahatlyk we ynam berýär diýip hünärmenler habar berýär. Finlýandiýanyň Tikkurila boýag we lak kompaniýasy bu reňkiň terjimesine “Topbak bulutlar” diýilýär diýip belläp geçdiler. Şeýle hem hünärmenler indiki ýyl üçin esasy mowzuk hökmünde gaýtadan açmak we dikeltmek diýip at berdiler. Bu kompaniýanyň wekilleri adamlara gowulyklara umyt baglamak we hemme zadyň elimizdedigini görkezmek isleýändikleri nygtadylar.

“Bu kyn günlerde adamlary elinden gelenini etmäge we sabyrlylyk bilen diňe öňe okdurylmaga ruhlandyrmak isleýäris “-diýip kompaniýa buýsanç  bilen belläp geçýär. Her ýylyň reňkini bellemek taslamasy eýýäm 2016-njy ýyldan bäri üstünlikli amala aşyrylyp gelinýär. 2020-nji ýylda “H300 Limonad” – durmuşyň ýagty tarapyny öwrenmäge höweslendirýän esasy reňk boldy.

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Buharestde III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar

Türkmenistan bilen Eýran demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar

Ýaponiýada ilkinji gezek zenan Premýer-ministr bolup biler

Türkmenistan bilen Owganystan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Ata Watan Eserleri

Özbek Lideri Donald Trampy Özbegistana çagyrdy