TESWIRLER

2021-nji ýyly näçe adam garşylar?

Germaniýanyň Bütindünýä Ilat Gaznasynyň (DSW) hasabatyna görä, 2020-nji ýylda 82,3 million artan dünýä ilaty, 2021-nji ýyla 7,837 milliard ilaty bilen girer. Statistika guramasy bolsa dünýäde adamlaryň sanynyň sekuntda takmynan 2,6 köpelýändigini habar berýär. 2023-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň sany 8 milliarddan geçmegine garaşylýar.

Birleşen Milletler Guramasy dünýä ilatynyň ýyllyk 1,09% göterim ösýändigini görkezdi. Şeýle hem bu gurama pandemiýa ýüze çykmazdan ozal, 2025-nji ýyla çenli ilatyň ýyllyk ösüşiniň 1% göterimden pese gaçyp biler diýip belleýär. 1965-nji ýyldan 1970-nji ýyla çenli aralykda ilatyň ösüşi 2,05% göterime barabar bolup, ol hem häzirki wagtda ösüş iň ýokary derejesi bolmagynda galýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlary halkara derejesinde ortaça dogluş derejesi her zenan maşgala başyna takmynan 2,4 çaga hökmünde düşýär diýip görkezýär. 1960-njy ýyllarda bu netije 5 çaga bolupdyr. Eger-de bu görkeziji 2.1-e düşse, dünýä ilatynyň ösüşiniň bes ediljekdigi çaklanylýar.

2050-nji ýylda dünýäniň ilaty 9,7 milliard, 2100-nji ýylda 11,1 milliard bolar diýip, BMG habar berýär. Ilatyň köpelmeginde ömrüň dowamlylygynyň ýokarlanmagy we çagalaryň ölüminiň azalmagy iň möhüm rol oýnaýar. Şeýle hem lukmançylykda gazanylan üstünlikler adamlara has uzak ýaşamaga mümkinçilik berýär.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri