JEMGYÝET

2021-nji ýyl gysga bolar

Kanadanyň Ýork uniwersitetiniň professory Pol Delani “CTV” teleýaýlymynda “Siziň ertiriňiz” atly gepleşiginde Ýeriň tizligi güýçlendi, bu bolsa Ýeriň ýüzündäki wagty gysgaltdy diýip, belläp geçdi. Şeýle hem soňky 50 ýylda Ýer planetasy Günüň töwereginde aýlanyş tizliginiň ýokarlanmagy sebäpli 2021-nji ýyl adatky ýagdaýyndan has gysga bolar diýip belledi.

Has düşnükli aýdanymyzda bolsa onda 2021-nji ýylyň ortaça güni adaty 24 sagatlyk günden, 0,05 millisekunt gysga bolar. Gysgalmagynyň global howanyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny mälim eden professor Delani ereýän buzluklaryň ýeriň agramyny üýtgedendigini we suwlaryň ýeriň aýlanma okuna ýakynlaşmagy bilen aýlanma tizligini ýokarlandyrandygyny nygtap geçdi.

Professor Delani bu wakanyň öňüni bir sekunt goşmak bilen alyp bolar diýip belleýär. Emma käbir hünärmenleriň aýtmagyna görä, senenama ýylynyň soňky minudyna bir sekunt goşmaklyk, akylly telefonlarda we kompýuterlerde bulaşyklyk döredip biler. Milli standartlar we tehnologiýa instituty 1972-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli ortaça her 1,5 ýylda goşmaça sekuntlary goşupdyrlar. 2016-njy ýyldan bäri Bütindünýä aýlanma we salgylanma ulgamlary gullugy, Ýeriň aýlanma tizliginiň ýokarlanmagy sebäpli goşmaça sekuntlaryň goşmak zerur däldigini aýtdy.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ruandanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Ruandanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Talyp-2025: dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary kabul edilýän ýerleri

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

“Çelşi” topary klublar boýunça dünýä çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Awazadaky BMG-niň forumy 7 sany esasy ugurda geçiriler