DÜNÝÄ

2020-nji ýylyň “sözi” yglan edildi

Käwagt durmuşda bir söz döwri kesgitleýär. Bu adatdan daşary we pandemiýa ýylda, ýylyň sözüniň nähili boljakdygyny kesgitleýän maglumatlar seljerildi. Amerikada has giňden tanalýan “Websteriň sözlügi”, 2020-nji ýylyň sözüni saýlady. Bu onlaýn sözlükde köplenç  gözlenýän sözleriň statistik derňewine esaslanyldy. 2020-nji ýylyň sözi “pandemic” sözi bolup durýar  diýip, bu sözlügiň saýtynda habar berildi. Bu sözüň ilkinji gezek sözlükde soralan mahaly 20 ýanwarda boldy, munuň sebäbi ABŞ-da ilkinji gezek pandemiýa keselli dörän ilkinji adam hasaba alynypdy. Üçünji fewralda bolsa sözlükde bu söz bilen gyzyklanýanlaryň sany artdy.

 “Websteriň sözlügi” hakynda gysgaça maglumat

Iňlis diliniň Amerikan düşündiriş sözlügi, XIX asyryň birinji ýarymynda Noa Webster tarapyndan doredilýär. “Websteriň sözlügi” adalgasy Webster tarapyndan döredilen sözlükleriň hemmesine, käte has ygtybarly bolmak üçin Websteriň adyny sözlükleriniň adyna goşan beýleki awtorlar tarapyndan döredilen sözlüklere hem degişlidir.

Websteriň sözlügini” döreden Noa Webster hakda gysgaça maglumat

Noa Webster (1758-1843) – ömründe Amerikanyň kitap bazarynda esasy sözlükleriň we salgylanma kitaplarynyň awtory bolup durýar. Gyzykly pursatlaryň biri, Webster özüniň sözlük kitaplaryny onlarça ýyllap gözläp düzüpdir. Iňlis diliniň ilkinji sözlügini 1806-njy ýylda çykarýar. Onda ilki bilen Amerikanyň sözleriň orfografiýasy, ýagny (center derek centre, honor derek honour, program derek programme) ýaly geljekki neşirleriň alamaty boljak elementleri hödürläpdir. Şeýle hem bu sözlüge sungat we ylymlardan tehniki adalgalaryny goşupdyr. 1828-nji ýylda Webster 70 ýaşynda “American Dictionary of the English Language”atly sözlügini neşir edipdir. Bu sözlük 2.500 sany nusga çap edilipdir.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar