Hormatly okyjylarymyz!
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Ýolbaşçylara ýüzlenmek üçin gowy gün. Başlangyçlaryň soňunyň şowsuz tamamlanmagyndan gorkmaň. Ynamly hereket ediň. Hereketleriňiziň resmi we içgysgynç bolmagyndan saklanyň.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu gün passiw gün bolar. Soňa goýan işleriňizi täzeden alyp maslahatlaşmaga ýa-da bellibir netijelere gelmäge çalşyň. Şahsy durmuşyňyzda öz isleýän zadyňyz bilen hökman etmeli zatlaryňyzyň arasyndaky kompromisi tapmak zerurdyr. Eger-de siz akylly-başly, özbaşdak hereket etseňiz, ähli zat şowuna bolar.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Siziň energiýaňyz işiňiziň netijelerine gowy täsirini ýetirer we köp başlangyçlaryňyzda üstünlik gazanmaga ýardam berer. Ýyldyzlar zenan jöwzalara şowlulyklary wada berýär, emma olar şahsy durmuşda aldanmakdan goranmalydyrlar. Erkek jöwzalara şahsy durmuşynda uly bolmadyk, emma perspektiw üýtgeşmelere sebäp etjek tazelikler garaşýar.
Bu gün planetalaryň hereketleriniň üýtgeýän we kosmiki energiýanyň tendensiýalarynyň täzelenýän günüdir. Iş ýa bolmasa, işewür duşuşyklar aýratyn güýji talap eder. Ýyldyzlar size sabyrly bolmagy maslahat berýär, çünki material tarapdan kynçylyklaryň bolmagy mümkin. Siziň zähmetsöýerligiňiz we çydamlylygyňyz günüň negatiw tendensiýalaryny peseltmäge ýardam berer.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün başlan işiňizi soňuna çenli ýetirmek üçin güýjüňizi akylly-başly tertipleşdirmek zerurdyr. Täze meýilnamalary başlamak, gazanjyň täze çeşmelerini gözemek üçin gowy gün. Bu gün şahsy durmuşynyzdaky käbir ýalňyşlyklary düzetmek üçin diýseň gowy mümkinçilik dörär. Günüň ikinji ýarymynda köne dostlaryňyz bilen duşuşmagyňyz mümkin.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Islendik iş üçin gowy wagt däldir. Erkek akraplaryň ýapyşan islendik işi, bu gün gynansak-da, şowsuz bolar. Emma ykbalyňyzyň synaglaryna dogry baha bermäge çalşyň. Bu gün siz durmuşyň berýän zatlaryna kanagatlanmaly bolarsyňyz. Ýukaýüreklik etmek, öýkeleri bagyşlamak gowudyr.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün siziň öz pikirleriňizi amala aşyryp bilmezligiňiz mümkin. Ýoldaşyňyzdan borçlaryny ýerine ýetirmäge talap edip durmagyňyzyň ýagdaýy kynlaşdyrmagy ähtimal. Ýyldyzlar size öz gyzyklanmalaryňyzy işeňňir goramagyňyzy, kompromise gitmezligi, kimdir-biriniň täsiriniň astyna düşmezligi maslahat berýär. Mümkin, siz wakalaryň gidişini öz haýryňyza üýtgedip bilersiňiz.
Daluw (gowa 21.01-20.02 )
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu gün köp gatnaşyklarda gowy bolmaklygy wada berýär. Kollektiw işler, täze zatlary öwrenmek, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmak üçin gowy gün. Ýyldyzlar öňküler ýaly size gowy garaýarlar. Finans ýagdaýyňyz has gowulaşar, utuş gazanmak, algynyň dolanmagy ýa-da bähbitli söwdanyň bolmagy ähtimal.
Taýýarlan: Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby