JEMGYÝET

19-njy martda täze saýlanjak Prezidentiň wezipesine girişmek dabarasy bolar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem çagyrylan mejlisinde 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz öňde boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka babatda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümine birnäçe tabşyryklar berip, 19-njy martda Oguzhan köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäreler geçiriljekdigini belledi. Bu çäreden soňra Kabul ediş merkezinde dabara dowam eder.

Aksakallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrym Aşgabada geldi

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri