Türkmenistanda döwlete dahylly edaralaryň desgalaryny hususylaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalar geçirilýer.
Ýerli metbugatda çap edilen bildirişe görä, 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda nobatdaky bäsleşikli söwdalar guralar.
Bu gezekki bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Türkmengaz » döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary » agentliginiň, «Türkmenhaly » döwlet birleşiginiň we Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleriniň desgalaryny hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Çap edilen bildirişde desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri, olaryň görnüşi (işiniň
ugry, gurlan ýyly), binalaryň meýdany (inedördül metr), başlangyç bahasy (manat) hem-de hususylaşdyrmagyň şertleri barada maglumatlar berilýär.
Şol maglumatlara görä, bu gezek hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulan desgalaryň arasynda iň ýokary başlangyç bahaly desga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumydyr. Bu toplumyň başlangyç bahasy 60 753 603,00 manada deňdir.
Sanawdaky başlangyç bahasy iň arzan bolan desga Mary welaýatynyň Marygurluşyk”
önümçilik birleşiginiň 9-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň naharhanasydyr. Onuň bahasy 19 129,00 manada deňdir.
Bäsleşikli söwdada hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulan desgalaryň sanawy bilen şu pdf (PDF) ýerden tanşyp bilersiňiz.