JEMGYÝET

18-nji martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

18-nji martda Türkmenistanda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçiriler. Bu çärä görülýän taýýarlyk işleri hakynda şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradow hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykaran 457-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ýazky bag ekmek dabarasynda ýurdumyzda agaçlaryň we üzümiň 1,5 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär. 2023-nji ýylda ýurdumyzda tutuşlygyna 3 million düýp nahalyň ekilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Belarus Awazadaky foruma uly gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Burundi we Çadyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi