MEDENIÝET

178 gün dowam eden şekilli aýdym

Amerikanyň meşhur aýdym-saz toparlarynyň biri bolan «Twenty One Pilots»-yň «Aladanyň derejesi» atly aýdymynyň şekilli görnüşleri taryhdaky iň uzyn şekilli aýdym hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Habara görä, bu şekilli aýdyma doly tomaşa etjek bolsaň, 178 gün gerek bolar.

Dünýä metbugatyndaky habarlarda toparyň şu ýylyň başynda janköýerler bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek kararyna gelendigi, netijede olaryň her biriniň ugradan wideogörnüşlerini bu şekilli aýdymda jemländigi ýazyldy. Şeýlelikde, bu şekilli aýdym üçin 162 müňden gowrak wideogörnüş birleşdirildi.

Aslynda, şekilli aýdym toparyň «Instagramdaky» hasabynda 178 günläp, ýagny 4264 sagat 10 minut 25 sekuntlap yzygiderli görkezilip duruldy. Ol 16-njy dekabrda bolsa birden kesildi.

Şeýlelikde, «21 uçarmanlaryň» şekilli aýdymy Farrel Williamsyň «Bagtly» atly şekilli aýdymyndan 24 sagat uzak dowam edip, dünýä rekordyny täzeledi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri