JEMGYÝET

17-18-nji martda Söwda-senagat edarasynda sergi geçiriler

Şu ýylyň 17-18-nji martynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergi geçiriler. Onuň işine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan agzalarynyň 200-den gowragy gatnaşar. Giň möçberli sergide ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ýeten derejeleri, hususy telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary, taýýarlan hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri görkeziler.

Sergi şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan esasy wezipelerini çözmäge goşýan goşandy, sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri, önümçilige ýokary tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, sergi bilen ugurdaş Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. 12 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleri beýan etmegi, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň ýakyn geljek üçin meýilnamalary kesgitlemegi öz içine alýan işewürlik maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda öňe sürlen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi