Hamal (guzy 21.03 – 20.04)
Bu gün Hamal ýyldyzlary üçin işjeňlik we jogapkärçilik duýgusy öň plana çykar. Iş ýerinde möhüm meseleleriň çözülmegi, täze teklipleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ähtimal. Ýolbaşçylar bilen gatnaşyklarda sabyrlylyk we tertiplilik üstünlik gazanmagyň esasy şertine öwrüler. Şahsy durmuşda bolsa, duýgularyňyzy aç-açan beýan etmek gatnaşyklary has-da berkider.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Sowurlar üçin bu gün maliýe we maddy meseleler bilen baglanyşykly bolar. Geljek üçin peýdaly bolup biljek teklipler ýüze çykyp biler. Şeýle pursatlarda howlukman, ýagdaýy giňişleýin seljermek maslahat berilýär. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklarda düşünişmezlikleriň öňüni almak üçin mylaýymlyk we düşünişmek zerurdyr. Bu gün kabul ediljek kararlar uzak möhletleýin täsir edip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 – 21.06)
Bu gün Jöwza ýyldyzlarynyň wekilleri üçin habarlaşyk we pikir alyşmak aýratyn ähmiýete eýe bolar. Iş duşuşyklary, gepleşikler we resminamalar bilen baglanyşykly işler üstünlikli geçer. Täze tanyşlyklaryň peýdaly hyzmatdaşlyga öwrülmegi mümkin. Şahsy durmuşda bolsa, kiçi düşünişmezliklere üns bermek möhümdir. Bu wagt Sabyrlylyk ähli meseleleriň açary bolar.
Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)
Seretanlar üçin bu gün içki rahatlyk we durnuklylyk bilen häsiýetlendiriler. Işde öňden başlanan taslamalaryňyz dowam etdirilmegi oňyn netijeleri berer. Şeýle hem öňden goýan maksatlaryňyza ýetmek üçin amatly pursatlar dörär. Maşgala gatnaşyklarynda mähir we goldaw duýgusy güýçlener. Güniň ikinji ýarymynda öz saglygyňyza üns berip, dynç almaga wagt tapmak peýdaly bolar.
Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)
Esetler bu gün öz başarnyklaryny görkezmek üçin amatly mümkinçiliklere eýe bolarlar. Iş ýeriňizde ýolbaşçylyk ukybyňyz we jogapkärçiligiňiz ýokary bahalandyrylar. Şeýle-de bolsa, başgalaryň pikirine hormat goýmak möhümdir. Şahsy durmuşda hoş habarlar ýa-da garaşylmadyk duşuşyklar ruhy ýagdaýy gowulandyrar.
Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)
Bu gün Sünbüleler üçin tertip-düzgün we anyk meýilnamalar möhüm bolar. Işleriňizi öňünden meýilleşdirmek üstünlik gazanmagyňyza kömek eder. Maliýe meselelerinde tygşytly bolmak maslahat berilýär. Maşgala agzalary bilen gatnaşyklary has-da gowulandyrmak üçin açyk gürrüňdeşlik peýdaly bolar.
Mizan (terezi 24.09 – 23.10)
Mizanlar üçin deňagramlylyk we adalat duýgusynyň güýçlenýän güni bolar. Işde hyzmatdaşlyk we topar bilen işlemek ýokary netijeleri berer. Şahsy durmuşda möhüm kararlary kabul etmek zerurlygy ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýda duýgular bilen däl-de, paýhas bilen hereket etmek maslahat berilýär.
Akrap (içýan 24.10 – 22.11)
Akrap ýyldyzlarynyň wekilleri bu gün maksada gönükdirilen we tutanýerli bolarlar. Işde çylşyrymly meseleleriň çözülmegi mümkin. Gizlin galan maglumatlaryňyza has aýdyň göz ýetiriň. Şahsy gatnaşyklarda ynam meselesine aýratyn üns bermek zerurdyr.
Kowus (keman 23.11 – 21.12)
Bu gün Kowuslar üçin täze mümkinçilikler we giň gözýetim bilen baglanyşykly bolar. Syýahata okuwlara ýa-da täze başlangyçlara amatly gündür. Işiňize döredijilikli çemeleşme üstünlik getirip biler. Maşgala we dostlar bilen geçirilen wagt ruhy rahatlyk bagyşlar.
Jedi (owlak 22.12 – 20.01)
Jedi wekilleri üçin bu gün zähmetiň we sabyrlylygyň miwesi görünip başlar. Işde ýokary netijeler gazanmak mümkin bolar. Ýolbaşçylar tarapyndan beriljek baha ruhy ýagdaýy ýokarlandyrar. Şahsy durmuşda bolsa, köne meseleleri çözmek üçin amatly pursatlar dörär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02)
Daluwlar üçin bu gün täze pikirler we döredijilikli çözgütler bilen tapawutlanar. Işde adaty bolmadyk çemeleşme üstünlik getirip biler. Dostlar bilen gatnaşyklarda gowy habarlara garaşylýar. Güniň ikinji ýarymynda saglyga üns berip, artykmaç ýadawlykdan gaça durmak möhümdir.
Hut (balyk 21.02 – 20.03)
Hut wekilleri bu gün duýgur we içgin pikirlenýän ýagdaýda bolarlar. Işde ownuk jikme-jikliklere üns bermek ýalňyşlyklaryň öňüni alar. Şahsy durmuşda romantik pursatlar we mähirli gürrüňler gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrar. Özüňize wagt aýyrmak we ruhy dynç almak peýdaly bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
