SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

15-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  15-nji   maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Hamallar sypaýyçylygynyň ýetmezçiliginden däl-de, onuň düýbünden ýoklugyndan ejir çeker. Olar bu gün adalatsyz hereket edip bilerler. Hamallaryň tankydy pikiriniň dogry we sözleriň ynandyryjy bolmagy möhüm hem däl. Şeýle-de bolsa, töweregiňizdäkileriň pikirlerini hem ýatdan çykarmaly dälsiňiz, ýogsam gün tükeniksiz (we düýbünden manysyz) dawalar bilen geçip biler.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün, sowurlar uzak wagtdan bäri yza süýşürip gelen öý işlerini etmekleri iň gowusydyr. Bu “has gowy döwürleriň” eýýäm gelendigini göz öňünde tutuň! Sowurlar bu gün çalt, aýdyň we täsirli hereket etmäge meýilli. Mysal üçin, ahyrsoňy çäksiz gijikdirilen abatlaýyş işini edip bilersiňiz ýa-da iň bolmanda uzak wagtdan bäri meýilleşdiren zadyňyzy edersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar bu gün öz zehinlerini peýdalanyp biler. Bu günki işler olar üçin adatdakysyndan has aňsat bolar we tapylan çözgütler akyl, ýönekeýlik we netijelilik bilen tapawutlanar. Bu gün jöwzalar beýlekiler bilen aragatnaşyk saklamakda diýýän sözlerine üns bermekleriniň zyýany bolmaz. Sebäbi olaryň sözleriniň netijesi diňe bir başgalara däl, eýsem özlerine-de kynçylyk döredip biler.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün seretanlar öz maddy üpjünçiligi barada pikirlenseler has gowy bolardy. Bu diňe bir olaryň işleri bilen baglanyşykly bolman, eýsem gapjygynda bar bolan pullaryna hem degişlidir. Bu gün seretanlar ahyrsoňy puluň hasaby gowy görýändigine göz ýetirip biler. Maliýe serişdeleriniň paýlanyşyna üns beriň, düýbünden zerur däl çykdajylardan gaça duruň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Esetler bu gün diýýän sözlerinden has seresap bolmaly. Bu gün esetleri gurşap aljak gönümellik häsiýeti hormata mynasyp bolsa-da, hakykaty aýtmazyňyzdan öň pikirleniň. Belki töweregiňizdäkileriň hakyky zady eşidesi gelýän däldir? Soň öküneniňizden, häzir ýalňyşmajak boluň. Ýalňyşmak bolsa, gaty aňsatdyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Durmuş sünbülelerden aýgytlylyga we aýdyňlyga garaşar, emma olaryň özi bu häsiýetleri duýulmaz. Sünbüleleriň özü-de bu zatlara mätäçlik çeker. Bu gün haýsydyr bir karara gelmegiň zerurlygy sünbüleleri gaharlandyrar we ezer. Şol sebäpli bu gün üçin çynlakaý meýilnama düzmezlik we mümkin boldugyça zatlary soňa goýmak has gowudyr.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlary bu gün käbir ajaýyp pikirler we meýilnamalar gurşap alar. Bu pikirleriň käbiri gyzykly we peýdaly bolup biler. Emma, umuman aýdanyňda, mizanlara birneme realist bolmak päsgel bermez. Başyňyzy hyýallara, fantastiki pikirlere bermäň. Has ýönekeý bir zady saýlaň, şeýlelikde şat bolarsyňyz!

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar üçin öz şahsy meselelerinde ähli zady aýdyňlaşdyrmak peýdaly bolar. Geljegi bolmadyk zatlary ökünmän taşlap, üns bilen pikirlenmeli. Üstünlik gazanmak mümkinçiligi ýokary bolan taslamalary bolsa, birinji orunda goýmaly. Akraplar gününi şu zatlara sarp etse, gowy bolar. Üstünlikleriňiziň syry tutanýerlilikde we ýönekeýlikde bolar. Zatlary çylşyrymlaşdyrmaň!

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün kowuslarda uly pikirlerini durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçilik bar. Eger-de kowuslarda beýle pikirler ýok bolsa, bu gün ol dörär. Meýilnamalaryňyzy çalt durmuşa geçirmäge synanyşmak üçin olary düzmegiň wagty geldi. Elbetde, hemme zadyň oňat tertipde geçjekdigi belli däl, ýöne bu gün şeýle meselelerde üstünlik gazanmak mümkinçiligi adatdakysyndan has ýokary!

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Irdenden jedileriň gulagyndan bug çykyp başlasa, gorkmaň – bu aşa uly energiýanyň täsiri bolar. Jedileriň bu günki işjeňligi şeýle bir ýokary bolar welin, daglary gymyldatmasa-da, iň bolmanda gutarylmadyk işini terk etmez. Bu gün jedilerde ýene bir peýdaly häsiýet doly ösüşde oýanar. Ol hem, pikirlerde we hereketlerde aýgytlylyk. Emma, bu gün meýilnamalaşdyrmak ukybyňyz süýji ukuda bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu gün daluwlar başagaý bolup geçerler. Bütin günüňiz dürli işlerde we aladalarda geçer.
Şeýle-de bolsa, öý işleriniň oňyn boljakdygy ikuçsyzdyr. Daluwlaryň tagallalary biderek bolmaz. Ýöne dynç almak we özüňe ideg etmek babatda daluwlarda diňe günortan mümkinçilik bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün hutlaryň guramaçylyk we meýilnamalaşdyrmak häsiýeti ýokary derejede bolar. Meýilnamalar ýönekeý we täsirli bolar. Bu gün kiçijek zat hem hutlaryň ünsünden gaçyp bilmez! Hatda azajyk geleňsizlik hem hutlaryň gaharyna sebäp bolup biler.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama